Thursday, June 16, 2011

N E T I J E - Iki taraplaýyn gatnaşyklaryň netijeleri:

Sag tarapda Golýazmalar
Institutynyň müdiri we Bilim
ministeri Annagurban Aşyrow öz
topary bilen Türkmen-Eýran gatnaşykda
Garaşsyz Türkmenistan bilen EYR-nyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň başlanmagy we ösdürilmegi ylmy-populýar işimizi jemläp aýtsak 10 ýylyň hasabaty diýsek ýalňyşmarys.
Sowet diýdimzor ulgamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda demir gözenek bolaandygy hemmämize mälimdir. Taryha nazar salsak şol demir gözenegi haçan gurulyp başlanandygyny bilse bolýar. Rus patyşasy bilen Eýran şasy tarapyndan serhediň çäklerini mälim etmek üçin “Gülüstan”, “Türkmençaý”, “Ahal-Teke”, “Güljemalhan”, ... ýaly, şertnamalar düzülýär. Büs bütin bütöwi türkmen topragy ikä bölünyär.
Etrekden Garasuw derýasyna çenli, Günorta Türkmenistanyň baý bazasy (Etrek-Gürgen Türkmenleri), Eýran döwletiniň golastyna düşmegi bilen tamamlanýar. Soňra Sowet döwründe-de, Stalynçykyk ulgamy serhet çekiliş çäreleri hasam berkitmäge çalyşýarlar. ...
Iki tarapda galan türkmen kowum – garyndaşlar biri-birini görmekden mahrum bolýarlar. Indi olar biri-birini görmek üçin diňe Moskwanyň üsti bilen tanyşyp bilerdiler. Bu meselede Eýran şalary Sowet ýolbaşçylardan yza galanokdylar. Diňe Eýranda 1979-njy ýylyň Fewral (Bahman) aýyndaky bolan yngylaby(rewolýutsiýasy) we Türkmenistanda 1991-nji ýylyň Oktýabr aýyndaky gazanan garaşsyzlyk derejesi serhetdäki demir gözenekleri aýyrmagy başarypdyrlar. Türkmen-Etrek ykdysady, medeni gatnaşyklar ýola goýulýar. Olaryň arasynda açyk gapylar syýasaty, söwda gatnaşyklarynda EKO döwletleriň hyzmatdaşlygy täze ýola urukdyrýar. Şol ýollarda ýüpek ýoly nusga hökmünde alnyp Tejen-Saragt-Maşat demir ýoly mysal bolup durýar. Belli “Eýran Niýuwz (Iran News)” gazýetiniň žurnalisti M. Gowasalli “Türkmenistan asuda döwlet” ýa-da, “Türkmenistan GDA döwletleriniň içinde öňde barýar!”, atly makalalar hasam Türkmenistanyň ösüşini giňden görkezýär. Türkmenistanyň nebit-gaz, pahta, ýüpek, ýüň, çit-mata, ... ýlay önümleri, ony baý döwlet hasabyna girizýär. Eýranyň hem işöwür kärşynaslary, Türkmenistanyň söwda we ykdysady taýdan ýokary gurbynyň bardygyny ykrar etdiler we onuň bilen ykdysady – söwda gatnaşygy ýola goýuldy. Eýranyň bakja-miwe we gök önümleri, türkmen bazarlaryna düşüp başlaýar. “Körpeje-Kürtkuý” gaz turba geçirijisi, gatnaşygy iki taraplaýyn girdeji berýän pursatlara öwrülip gider. Eýranyň gara ýol gurujylary Türkmenistanda ýol gurmakda öz ussatlyklaryny görkezýär. Söwda gatnaşyklarynyň bir pudagyndaky alynyp barylýan döwletara söwda-da Eýranyň awtobuslary Türkmenistanyň köçelerinde köpelip, özüne belli bazary eýeleýärler. Eýranyň ýer, ekerançylyk, maldarçylyk işöwür ussatlary, Türkmen kowumdaşlaryna hem öz iş usullaryny öwredýärler. Türkmenistanyň sergi jaýlarynda, Eýanyň Horasan, Mazenderan, Gilýan, Gülüstan, ýaly welaýatlaryndan gelen harytlary sergä goýberildi. Olar türkmen maýadarlarynda hem gyzyklanmalar döretdi. Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda çözmeli meseleler hem az däl. Meselem Hazarýaka meslelesi, Ekologiýa, balykçylyk, Hazar deňiziniň serhetlerini kesgitlemek ýaly, ýa-da Tejen derýasynda bilelikde bent gurmak, medeni-jemgyýetçilik gatnaşyklary göwünejaý orun tapýar. Iki tarapyň kitap sergilerini gurmak, sungat işgärleriniň gatnaşyklaryny gowulandyrmak. Şol gatnaşyklarda Eýrandaky Türkmenleriň ykbaly hem gowulyga tarap ösüp başlamagy netijeli bolup durýar. Olara hem köpçülik habar beriş serişdelerini öz ilatynyň arasynda ýaýratmak, çaphanalary açmaga rugsat berilýär we ş.m., Umumy aýdanyňda Eýran-Türkmen gatnaşyklary halkara möçberde diňe gowlykda görkezmek bolýar. ... Dowamyny Oka ...
Post a Comment