Tuesday, March 2, 2010

I Bölüm:Türkmen - Eýran Arasyndaky Ykdysady Gatnaşyklar

a). Mawy ýangyç, demir ýol we senagat gurluşyk meseleler.
Merkezi Aziýa ýurtlary üçin “Demir ýupek ýoly” söwda gatnaşyklarynyň has ösmegini we Eýranda transport dolanşyklarynyň göwrüminiň iki esse artmagy ýaly netijelere getirdi. Deňizden çet ýurtlarynyň ýkdysadyýetiniň ösmegi üçin gaz turba çekiliş proektleri hem ýol aragatnaşyklar ýaly ähmiýete ee bolup durýar.
1997-nji ýylyň 29-njy dekabrynda gaz turba marşrutlary çekildi. Nebit-gaz önümleri geçirmek üçin bu turbanyň çekilmegi bilen Türkmenistanyň Gündagaryndaky harytlary geçirmek ugry Maşat-Tejen ýaly şäherlerden geçip ol ýollar uly ähmiýete ee bolýarlar. »»»
 Orta Aziýa ýurtlarynyň gazyny geçirmek üçin Eýran Yslam Respublikanyň prezidenti Seýit Muhammet Hatemi bilen onuň türkmen egindeşleri Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Niýazow bilen Eýrana tarap ugrukdyrylan mawy ýangyç ýoluny açdylar. Onuň uzynlygy 200 kilometr bolup Türkmenistanyň Günbataryndaky Körpeje ýaly gaz ýataklaryndan Eýranyň Gülüstan welaýatyndaky “ Kürtkui ” gaz turbasyna baryp birigýär.
Ilki bilen Türkmenistan bir ýylda 3 milliard kubametr gaz Eýrana geçirýär, ýöne geljekde bu göwrüm 12 milliart kubametre barabar bolmaly – diýilýär.
Gaz turba geçiriji
Şol wagtyň özünde iki ýurduň energiýa ministrleri / Eýran-Türk / öz türk egindeşleri bilen 1500 kilometrlik Türkmenistanyň gazyny Ewropa geçirmek üçin turba marşrutyny Eýran we Türkiýäniň üsti bilen geçirmek proektiniň protokolyna / bu işi 9 aýyň içinde “ Şel ” kompaniýasy tarapyndan gol çekildi/.
Şeýlelik bilen bu 1,6 milliard dollar çykdaýjyny göterýän gaz turbanyň üsti bilen günde 900 000, kubametr gaz eksport etmäge mümkünçilik döredýär.
Näçe wagt mundan öň Türkiýäniň premýer ministri Masud Ýylmaz Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda iki taraplaýyn bir ylalaşyk şertnama gol çekişdiler. Bu şertnama esasynda Türkiýe 2000-nji ýyldan beýläk ýylda 15 milliard kubametr gazy Türkmenistandan alýar diýip umyt edildi. Emma halkara syýahatyň netijesinde bu şertnama hem doldyryldy. Bu gaz Hazar deňziniň üsti bilen çekiljek turba marşruty arkaly iberiljekdir. Emma Türkiýe Eýranyň üsti bilen geçirilýän turbalara iberiljek gaz bilen ylalaşar. Sebäbi Türkiýe üçin bir milliard dollar sarpaly bolup durar.Şeýle hem 1991-nji ýylyň 22 sentýabry S.A Niýazow Türkmenistan we Eýranyň Bajgiran diýen döwlet serhetinde sadalaşdyrylan geçelge açylmaga bagyşlanan dabara gatnaşdy. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan welaýatynyň wekillerini regulýar gepleşikleriň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy. Iki ýurduň arasynda ykdysady, medeni we beýleki gatnaşyklaryň gowy başlangyjy başllanandygyny tassyklady. Şondan bir ýyl soňy hem Türkmenistan Eýran serhetinde “ Güdirolum ” / pasgah-e pol / awtoulaglar ýolunyň açylmagy hem gatnaşyklara ýola goýulmaga hem uly täsir galdyrdy.
Umuman döwrüň talabyna görä, iki döwletiň arasyndaky bu gatnayklar netijeli häsiýetlere eýe bolup gaýdýar. Türkmenistanyň öz ygtyýarly döwlet hökmünde günortadaky goňşusy bilen işeňňir köp taraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanýandygy, Türkmen halkynyň onuň bilen taryhy kökleri arkaly baglanşyklydygyny, olary milli we ruhy umumylygynyň birleşdirýändigi mälim boldy. Şol sanda 1991 ýylyň 1-nji dekabrynda Eýranyň Aşgabatda ilçihanasy açmagy we Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň “ Sadrat bankynyň ” bölüminiň açylmagy, Aşgabat-Tähran-Maşat Howa ýoluna ýola goýmak, telegraf, telefon gatnaşyklary döretmek we medeni gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri alynyp baryldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolan mahaly Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny A.A.Rafsanjany Eýrana gelip görmäge resmi çakylyk gowşurdy. Bu sapary Eýran tarapyň öz ygtyýarly döwleti kabul etmegiň doly protokoly boýunça guramaçydygy munuňam sebäbiniň diňe bir 21-nji dekabrda Eýranyň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny resmi taýdan ykrar edenligi bilen däl de, Eýsem täze şertlerde hoşniýetli goňşyçylykda ösdürmek hyjywynyň hem bardygy bilen düşündirilýär.
Nebit gaz ýataklarynyň durkuny täzelendirmek, nebit önümleriniň täzeden işleýiş enjamlarynyň durkuny dünýä ülňülerine ylaýyk gabatlaşdyrmak ýaly işler Eýran bilen bilelikde alnyp barylýar.
Türkmenbaşy şäheriniň nebti gaýtadan işleýiş hem arassalaýyş kärhana zawodyny täzeden üýtgedip gurmak işleriň alnyp barylyş depgininiň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistan Respublikasynyň arasynda geçirilen şertnama esasynda Eýranyň injenerleri benzin ýangyjynyň önüm kärhanasy gurulşygyny 1999-nji ýylyň maý aýynda işläp başladylar.
Bu gurluşygyň baş injeneri Seýitmahmut Ymatzada “ Jemhury Islami ” habar beriş serişdesiniň habarçysyna beren gepleşiginde bu şertnama boýunça proýektin umumy bahasy 50 million Amerikan dollary we 27 aýyň dowamyndaky möhletde iş gutarnykly erine etirilmedi.
Bu blogyň licenziýasyny iňlis firmasynyň birinden satyn alyndy. Onuň proýektini doly çyzyp erine etiriş hyzmat işleri Eýranyň nebit gurluşyk hem “ Milli injenerlik firmasy ” hem içeri maslahatçysy injeneriň kärdeşligi bilen alnyp barylýar.
Şu wagta çenli türkmen jogapkär işgärler proýektiň hem işiň erine etirilip alnyp barylyşy we Eýranly işgärler hem firmasynyň iş alyp gidişi hakda, göwnejaý diýip nygtaýarlar.” 1
Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan ýollaryň durkuny täzeleşdirmek we täze magistral ýollary çekmek, tehniki injenerlik kärdeşlikleri we söwda gatnaşyklary, transport we awtoulaglar hyzmatdaşlyklary barada esli işler amala aşyrylýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň uly magistral ýollaryny täzeden çekmek Eýranyň “ Dobral ” firmasynyň erkinde şertnama esasynda goýuldy. Bu firma işiň durkuny has gurply görnüşde alyp barýarlar. Ol dünýäniň halkara ylaýykda gara ýollaryna gabatlaşdyrylyp ýokary hilde işlenip tabşyrylyp dur.
Eýranyň metbugatlarynyň habar bermegine görä, “ Häzirki zaman Eýran nebit-gaz, ýol, transport, telefon, oba hojalyk, suw – tok energiýasy we senagat ugrunda has oňat kärdeşlikleri alyp barýarlar.”. 2
“ 1998-nji ýylyň ýanwar aýynyň başlarynda 1,6 milliard dollarlyk gaz geçiriji proýekte Orsýet hem goşulyşýar ” – diýip Türkmenistanyň prezidenti Niýazow yglan etdi: “ Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Türkiýe geçirilýän gaz turba Orsýet hem goşuljakdyr. Bu iş gaty bir kyn iş däl ,... Sebäbi dünýä bazary Türkmenistanyň hem-de Orsýediň-de gazyny almaga alyjylyk gurby bar ”.
Bu wakadan bir az öň 1997-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Eýran bilen Türkmenistanyň prezidentleri 7,5 kilometrlik kabel simynyň çekiliş proýektiniň dabarasyny açdylar. Bu marşrut hem Şanhaý şäheri Germaniýadaky Frankfort şäheri bilen birleşdirýän Ewroaziýanyň / Ewropa-Aziýa / umumy 17 müň kilometrlik “ arka Seti ” maksatnamasyna degişlidir. Şeýlelik bilen Türkmenistan-Eýran proýekti Ewraziýany hem esasy baglanyşdyryş Setine öwrülýär. Üç ýurda- da iň möhüm fundamental energiýanyň kämilleýiş gurluşygy hökmünde gaz satyn almak hakda 1996-nji ýylyň awgust aýynda Eýranyň degişli ýolbaşçylary bilen Türkiýäniň baş weziri Ärbakan dagylaryň aralarynda şertnama baglanyşyldy. Iki ýurt gol çekilen 20 milliard dollarlyk çykdajyny ylalaşyk esasynda Türkiýe 23 ýyl Eýrandan gaz satyn almaga şert edinýär. / Ilki başda ýylda 10 milliard kubametr / Bu ylalaşykda Türkmenistanyň gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä geçirmek proýekti göz öňüne tutulýar. Şeýle hem iki döwlet kontra banda we terrorçylygyň hem garşysyna göreşmegi hakda bir pikire uýdular.
Şol duşuşyk wagtynda Eýran bilen Türkiýe,Töwriz bilen Wan kölüniň arasyna demirýöl marşrutyny çekmek hakda hem ylalaşyga gelip ýokary güýçli akymda göýberilýän elektrik toguny el eterlik edip goýmaga hem pikir alyşdylar. Bu proýekt esasynda Eýrana elektrik toguny Türkiýä eksport etmäge mümkinçilik döredýär. Ikinji bir tarapdan Türkmenistan hem Eýranyň demirgazyk welaýatlaryna artyk toguny eksport etmäge şert ýüze çykýar.
Şeýle gatnaşyklar we arkalaşyklar esasynda Türkiýe Merkezi Aziýanyň bazarlaryna we erasty goýumlaryna / baýlyklaryna / , Eýran hem Gara deňiz we Orta deňziniň port şäherlerine we Türkmenistan-da ýurdy ösüşe tarap gönükdirmek hem maliýe serişdelerini üpjün etmek üçin gazyny dünýä bazarlaryna çykarmak uly mümkinçiliklere eýe bolýar.
Ýatlanan üç taraplaýyn ylalaşyk Eýranyň daşary ykdysadyýet syýasatlarynyň biri diýip hasaplanylýar. Ol Orta Aziýadaky garaşsyz ýurtlar üçin ähmiýetli orna eýe bolýar. Bu ýurtlardaky erasty baýlyklary ýagny nebit we gazdan başgada altyn,kümüş, platyn we beýleki gymmatly magdanlar syýasy garaşsyzlykdan öň Sowet Soýuzynyň eksport ýollaryna bagly bolup geografiki ykdysadyet taýdan 1991-nji ýyldaky garaşsyzlygyna garamazdan entek ýöreýärdi. Şonuň üçin bu harytlary dünýä bazaryna çykarmak üçin täze ýollary döretmekde Eýranyň üstünden has amatly şertler döredýärdi. Elbetde Eýran şol mesele taraplaýyn gadym taryhda hem strategiki orunda durup “ Dünýäniň Derwezesi ” diýlen ada meşhurdyr. 3
Sowet Soýuzynyň synmagy bilen söwda we önümçiligiň tappa durmagy hem-de soňky ykdysady dagynyklar sebäp bolup Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolanynda-da gazyny satyn alan Ukrain,Gruziýa,Orsýet we beýleki birnäçe ýurtlar onuň tölegini tölemäge gurby çatmaýardy.Şonuň üçin Garaşsyz Türkmenistanyň Merhemetli Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1997-nji ýylyň mart aýynda bu ýurtlara gaz bermegi Resmi taýdan kesdi. Umuman aýdylanda gazyň kesilen mahaly 2 milliard Amerikan dollaryndan agdyk pul Garaşsyz Türkmenistana bergidar bolup galdylar. Bu berginiň ýarysy Orsýede degişli bolup durýardy.Şonuň üçin 1991-nji ýyldan beýläk Türkmenistanyň gaz önümi 84,3 milliard kub metrden 35,2 milliard kubametre pese düşürildi. 1996-nji ýyldan 1997-nji ýylyň başlaryna çenli bu göwrüm diňe 13,9 milliard kubametre pese düşüp ýagny 48,6 göterim öňki ýyllara garanyňda peselip gaýdýar.
Şeýlelik bilen “ Bu turba marşruty ýurdumyzyň ýaşaýaş meselesine öwrül-di ”. 4
Türkmenistanda nebit-gaz gaýtadan işleýiş ulgamlary

Muňa garamazdan Türkmenistan 12-13 milliard kubametr gaz baýlygy bilen bütin dünýä möçberinde gazyň uly öndürijisi hökmünde dördünji orny eyeleýär. Emma bu turba geçirilmedik ýagdaýynda gaz önümleri dünýä bazaryna çykarmak aňsat eýgartmeýär. Türkmenistanda bolup geçen ylmy derňewler esasynda täze gaz geçiriji turbanyň çekilmegi bilen önümiň göwrümini köpeldip ýylda 100 milliard kubametr gaz eksport etmäge gurby çatýar. Ýagny bütin eksport girdejileri üç esse ýokarlanýar.
Bu üç taraplaýyn ylalaşyk hakdaky ýüze çykan indiki mesele proýektiň maliýe serişdesiniň çeşmesini üpjün etmek bolup durýardy. Sebäbi halkara pul banky halkara maliýe şertlerine görä proýekti maliýe taýdan üpjün etmäge erligi ýok. Şonuň üçin Eýran Yslam Respublikasy Garaşsyz Türkmenistanyň gaz geçiriji turbasynyň gurulmagynyň başlanmagyny maliýe taýdan üpjün etmeginiň 80 procentini ýagny 195 million dollar maliýeleşdirmegi, birinji üç ýylygynyň gaz eksporty bilen tölemek şertinde öz üstüne alýar. Bu puluň 70 million dollaryny Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýiş bloklaryny gurmaga göz öňunde tutuldy. Emma Eýran-Türkiýe gaz geçiriji turbany gurnamak üçin iki ýurt hem öz başyna aýratyn maliýeleşdirmegiň çäresini görýärler. Ýagny her ýurt öz içeri gaz turbasyny özleri gurnamagy boýun alýarlar.
Türkmenistanyň gaz geçiriji turba marşrutyny ýola goýmakda Eýranyň roly Merkezi Aziýadaky ýurtlarda has görnükli täsir galdyrdy. Eýranyň öňki Daşary işler ministri 1996-nji ýyldaky Şweýcariýada geçirilen “ Krans Montana ” atly ýygnanşygynda / Konferenciýa bolmaly / Eýranyň öňe gidişlikleri hakda çykyş edende şeýle belleýär:... “ Eýranyň üsti bilen Türkmenistanyň gazyny Ewropa geçirmek we ene-de Türkmenistanyň gazyny Eýranyň Demirgazyk welaýatlarynda ulanmak, mysal üçin, “ Nikä elektrpstanciýada peýdalanmak, Aha Renitz “ Aha Renitz ” atly Azerbaýjandaky nebit koorporaciýasyna Eýranyň goşulyşmagy, Eyranyň gazyny Nahaçyw, Ermenistan hem-de Gürjüstan we Ukraina geçirmek hem Gazagystanynyň nebti bilen söwda alyş-çalyş ýaly maksatnamalary ýatlasa bolar. Umuman Eýran Aziýa bileleşigindäki kärdeşlikler boýunça ikinji sütünde durýandygyny faktlaýyn beýan edilýär.
Praktikada Eýran söwda alyş-çalyşyň bir göwrüminde Orta Aziýa Respublikalary bilen dünýä bazarynyň aralygynda “ arabaglaýjy ” rolunda durýar. Şeýle halatda Türkmenistan ýa-da Gazagystan öz nebit önümlerini Eýranyň Demirgazygyna göýbermek bilen Eýran hem şol möçberdäki nebit önümleri eksport edip satýar. Eýran bilen Gazagystanyň aralaryndaky 1996-nji ýylynyň gol çekilen ylalaşygy esasynda ilki Eýran Hazar deňzinden çykarylýan bir ýyllyk önümi ýagny 2 million tonna çig nebtini alyp, Fars / pars / aýlagyndaky eksport tamojnysyndan / gümrukhanasyndan / şol möçberdäki alynan çig nebtini Gazagystandaky portnýorlaryna / müşderilerine / geçirýär. Elbetde söwda alyş-çalyşlaryň beýle görnüşi wagtlaýynça bolup ol turba marşruty kämilleşýänçä peýdaly bolup durar. Elbetde bu uzak mütdetli syýasatyň maksady bütin region boýunça turba marşrutyny kämillige tarap alyp barjakdyr. Häzirki görünip duran ýagdaýda Gazagystan hem Türkmenistan we Eýran turba marşrutynyň gurluşygyna goşulmagy hem mümkindir.
Düýpli ösüşiň fundamentleri hökmünde demir ýol we turba marşruty görnüşdäki aragatnaşygy Merkezi Aziýanyň geljek özgerişlikleriniň ösdürilmegi üçin ykbal çözüji ähmiýete eýe bolup durýar. Ýagny regional gatnaşyklarynda demir ýol 100 kilometrlik töweregindäki territoriýany öz / uzaklygynda / içine alýar. Demirçine alýar. Demiryoluň öz içine alýan bu territoriýany halkara ykdysady aragatnaşyk kärşynaslary oňy “ ösüş dalany ” – diýip at beripdirler.
Şeýle hem demirýoluň parallelliginde elektrik tok geçiriji, aragatnaşyk serisdeleri, nebit-gaz geçiriji turba marşruty, suw üpjünçilik öüjükleri...ýaly çäreleri ýola ugrukdyrylýar.
Bu özgerişleri esasynda döredilen täze şäher merkezlerinde senagat üçin erasty magdanlary çykarmak,hojalyk we öý-içeri enjamlary üçin atom stanciýalar arkaly energiýa beriler.
Düýpli ösüşiň fundamentleri hökmünde şeýle ösüş dalanlary gurnamak pikirleri esasan Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşyklarda göze ilýär. Bu aladalaryň maksady esasan ösüşe tarap ymtylmakdan gözbaş alýar. 5
Umuman aýdylanda Garaşsyz Türkmenistan dünýä ösüşleri bilen bir hatarda dünýä döwletleriniň arasyndaky geçýän ähli taraplaýyn aragatnaşyklara pugtalaýyn gatnaşýar. Şol aralykda näçe taraplaýyn aragatnaşyklary hem öz içine alýar. Mysal üçin Ermenistan- Türkmenistan, Türkmenistan – Ukrain, Hind-türkmenistan, Päkistan-Türkmenistan we Ýunan / Grek / - Ermenistan... ýaly kärdeşlikleri agzasy bolar. 7 

Demir yol duralgalar
Eýran – türkmen hemme taraplaýyn aragatnaşyklarynyň bir uly göwrümini injenerlik we tehnika kärdeşlikleri öz içine alýar.Şol ugurda gara ýol gurmak we galla ambarlaryň gurulmagy we beýleki tehniki hünärleri ýatlasa bolýar.
Geçirilen ylalaşyklar we şertnamalar esasynda Eýran Yslam Respublika Garaşsyz Türkmenistanyň ýyl saýyn ösüp barýan galla önümlerini köp wagtlap saklap ulanmak üçin gurluşykenjamlaryny tabşyrmagy öz üstüne aldylar. Şol ugurda Eýran hem öz içindäki käbir bank we maýa goýum etmezçilikleri we şol ugurdaky bökdençlere garamazdan Türkmenistanda işöwür çärelerini alyp bardylar.
Eýranyň maýadar kompaniýasynyň pul serişdesiniň pesligi we onuň banklara baglylygy hakda ýüze çykýan käbir bökdençleri ýatlap geçeli. Mysal üçin: “ Galla ammarlary ösdüriş Jahad ” / Jahad-e touseýe-ýe Silu / firmasynyň administraciýa direkciýasynyň agzasy injiner Bagaýi ýatlanan meseleler boýunça şeýle diýýär: “...Şu mesele barada esasy ähmiýetli göz öňüne tutmaly zat, Banklar firmasynyň pul gerekli ätiýaçlarynyň kredit nyrhyny 18-den 20 procente çenli üpjün edýärler. Emma daşary ýurtlardaky firmalaryň kredit puluň gaýtargysynyň halkara nyrhy 6 göterim hasaplanýar. Ýagny Eýran firmasy Eýran bankyndan işi ýöretmek üçin alýan kredit maýasyny öz wagtynda töläninde 18-20 göterim üstüne gaýtarmak işöwür firmalar üçin aňsat däl. Bu iki nyrhyň aratapawudy has köp bolup gaýtaryp tölemek işöwür firmanyň girdeji gurbundan ýokary bolýar. Injiner Bagaýiniň aýtmagyna görä , göz öňüne tutulan proyektleri alyp barmak üçin berilýän kreditleriň göterim nyrhy ýokary bolsa,Eýran firmalary beýleki daşary ýurt firmalary bilen bäsleşik alyp baryp bilmez.” 6
Eýran üçin injinerlik we tehnika hyzmatdaşlyklaryny daşary ýurtlara eksport etmäge, öňki Sowet Soýuzyndan öz garaşsyzlygyna eýe bolan Orta Aziýadaky ýurtlaryň has ähmiýetli şert döredýändigine olaryň eksport- söwda we ykdysady kärşynaslary yglan edýärler.Olar esasanam Eýranyň Demirgazykdaky goňşy ýurdy Garaşsyz Türkmenistan bilen şol ugurda iki taraplaýyn aragatnaşyklary ýola goýmaga has gyzyklanýarlar. Olaryň aýtmagyna görä,Eýranyň bu ýurtlaryň her haýsysy bilen ekeran hojalygy,senagat,söwda gatnaşyklary,ykdysady we tehniki hyzmatdaşlygy ýola goýmagy belli derejede ýokary ähmiýete eýe bolýar. Elbetde geçen senelerde Eýran dürli sebäpler boýunça öz injiner-tehniki hyzmatdaşlyklaryny giňeldip alyp barmakda onçakly mäkäm ädimleri bu ýurtlarda alypbaryp bilmedi. Şonuň üçin bu ýurtlaryň bazarlary Türkiýe ýaly beýleki ýurtlaryň erkine geçdi. Orta Aziýadaky ýatlanan ýurtlaryň arasynda Garaşsyz Türkmenistanyň aýratyn geografiki şertleri hem Eýran bilen serhetdeşlik taýdan has uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Eýranda çykýan gazýet-jurnallarda maglumatlardan görkezilişi ýaly Garaşsyz Türkmenistan 488 müň 100 kwadrat kilometr giňligi taýdan öňki Sowet Soýuz Respublikalarynyň arasynda Orsýet, Gazagystan we Ukrain ýaly ýurtlardan soň dördünji orunda durýar. Ýöne bu ýurduň 80 göterim meýdanyny 350 müň kilometrlik “ Garagum ” çöllügi ýurduň demirgazyk we merkezi göwrümini öz içine alýar.
Eýran metbugatlary Garaşsyz Türkmenistanyň ilatynyň sany taýdan häsiýetnama berenlerinde, Türkmenistanyň 5 million ilatyndan 73,300 göterimi türkmen, esasy ýurt eýesi hökmünde görkezilip, olardan soň ruslar 9,8göterim, özbekler 8,9 göterim, gazaklar 2 göterim we tatarlar, Azyrbaýjanlar,ermeniler we Ukrainliler bolsa 1 göterim we beýleki ilatlar bu ýurtda ýaşaýarlar.
Şeýle hem bu ýurduň iň möhüm önümleri gaz bilen pagta bolup 1991-nji ýylyň garaşsyzlygyndan soň ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudagy we daýanjy hasaplanýar. 8 

Nebiti gaýtadan işleýys guruluşygy

Geografiki şerti boýunça bu ýurduň üstünden uzak gündogar Aziýany Ewropa ýurtlaryna baglanyşdyrýan ýüpek ýolunyň geçmegi hem-de Hazar deňziniň gyrasynda erleşip Garadeňze çenli deňiz ýolunyň gatnaşyklary we pars aýlagy hem Amman deňziniň yssy suwlaryna Eýranyň üsti bilen ýol açylmagy sebäp bolup Türkmenistan ýurdunda, regionda bir uly merkezleşen tranzit nokada öwrülmäge gerekli yerlikler döräp dur.
Şeýle şertler we ýerlikleri göz öňüne tutulyp bu ýurduň döwlet ýolbaşçylary uly proýektleri ýurt maksatnamalaryna girizdiler. 9

* Dünýä boýunça ýüpek ýolynyň ugurlar-
The World Silk Road
Şeýle proýektleri alyp barmagyň ugrunda daşary ýurt firmalary öz aralarynda bäsleşikler alyp barýarlar. Şeýle maksatnamalary ýerine ýetirilmegiň ugrunda häzir Franciýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Türkiýe we... ýurtlardan dürli firma-kompaniýalar öz proýektleri bilen girişýärler. Mysal üçin: aýroportyň / howa ýollarynyň / gurluşygyny, Türkmenbaşy deňiz port ýollarynyň täzeden gurmak we giňeldiş gurulşygy, uly-kiçi hoteller we myhmansaraýlar, garaýol we demir ýollaryň durkuny täzelemek we giňeldiş çäreleri gurulyp ýerine ýetirilip dur.
Şeýle hem Eýranyň metbugatynda şeýle sözlemlere hem gabat gelýäris:
“Ýatlanan özgerişleriň näderejede ähmiýetli alynyp barylýandygyny göz öňüne getirmek üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki geçip duran gurulşyklary göreniňde, ýurdy täzeden bina etmegiň we ykdysadyýetini ösdürmegiň ugrunda ýurt ýolbaşçysynyň ýurdy ösüşe tarap alyp barmakda we özgerişleri barha ýokarlandyrmakda çynlakaý eradasynyň bardygyny mälim edýär.”
Bu ýarym million ilatly şäheriň çet gyralaryna seredip görseň, gyrasynda suw çüwdirim hem şaglap inýän şarlawuklar bilen bezelip salynan täze-täze binalardyr ymaratlar her bir täze geleniň ünsüni özüne çekip abadan geljeklerinden buşluk berýär. Bu alynyp barylýan üýtgedip gurmagyň garmoniýasynyň şeýle bir tizligi hakda aýdylanda welin,Aşgabat şäheriniň şu günki keşbi dört ýyl mundan owalky bolşy bilen deňeşdirer ýaly däldir.
Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Ol hem ýüzlerçe kilometr deňiz hem toprakly ýer serhetdeşligi we dini, medeni hem taryhy ortak miraslary sebäpli Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky aragatnaşyklary, garaşsyzlygyň ilkinji pursatlaryndan ýokary derejede başlanyp, bu dostluk we doganlyk galtaşmalary günsaýyn ösüp hemme taraplaýyn giňeldilip gaýdyldy.
Şeýle etaplaryň dowamynda häzir Eýran, Türkmenistan bilen nebit, gaz, ýol transport, telefon aragatnaşyklary, oba hojalygy, tok-elektrik, suw we senagatyň dürli görnüşlerinde kärdeşlik we hyzmatdaşlyk edip gelýär. Şulara garamazdan käbir işöwürlerimiziň aýtmagyna görä,entäk bu ýurduň bazar ykdysadyýetide we iş meýdanlarynda gerekli we islendik orna eýe bolup bilmän barýarys.
Şu mesele hakda EýranYslam Respublikasynyň Garaşsyz Türkmenistandaky doly ygtyýarly ilçisi şeýle ynam bilen gürrüň berýär:
“ Iki ýurtda ýola goýlan şeýle gatnaşyklaryň derejelerinde Türkmenistanyň ykdysadyýet özgertmelerine goşant goämak we Eýranyň paýyna düşýän iş dolandyryş meýdanlarynda özüňi görkezmeli.”
Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolandan soň eýranlylar ilkinji bolup bu ýurduň bazarlarynda esasy rol alyp bardylar. Emma olar söwdanyň halkara kada-kanunlaryna näbelet bolandyklary sebäpli kem-kemden bazar meýdanlaryny beýlekiler eýelediler.
Bu meselelere garamazdan bir zady ýatlap geçeli: Eýran firmalary berilen plan-proýektleri erine etirmekde Türkmenistanyň ägirt bazar ykdysadyýetinde aýgytly ädimleri ädip görnükli üstünlikleri gazandylar. Şolaryň arasynda “ Jahad sazändägi ” firmasynyň 6 sany uly göwrümdäki galla ammary / silu / gurluşygyny ýatlasa bolar.
Türkmenistany geçen ýyllarda diňe bir pagta önüminiň hatarynda däl-de, kem-kemden dürlileşdirilen hojalyk önümlere gönükdirildi. Şunlukda häzir bu ýurt 1,5 million tonna bugdaý önümi bilen bu önüm boýunça üpjünligiň hetdine etdi.
Iş meýdanyndakylaryň aýtmagyna görä, şeýle ýörelgäniň ugur almagy bilen basym geljekde galla ammar gurluşygy Türkmenistan döwletiniň öň maksatnamalaryna öwrüljekdigi ikiuçsyz görünýär. Şu ugurda Eýran galla ammar gurluşygynyň tehnologiýasyny gurujy ýurt hökmünde şeýle proýektleri alyp barmagy öz üstüne alyp bilýär.
Häzirki zamanda 180 tonnalyk göwrümdäki 6 sany demir gaply galla ammary Eýranyň “ Jahad –e touseýe ” firmasynyň specialistleri tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanda gurluşykda alynyp barylýar.
Bu galla ammarlarynyň gurluşyk obýektiniň proýektlerini Eýranyň şol bir wagtdaky prezidenti Haşemi Rafsanjany, öz Türkmenistana eden saparlarynda bu ýurduň Prezidenti jenap Agaýe Niýazow bilen geçiren gepleşikleriniň esasynda hödürledi. Şeýle hem bu ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary şu ugurda Eýranly firmalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalar duýdurdylar. Şeýle ýörelgeleriň yzysüre ýola goýulan söwda palatalary boýunça 16 ýurt ýagny Amerika,Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň arasynda utyjy bolup saýlandy.
Öňde belläp geçişimiz ýaly “ Eýran-Türkmen ” hemme taraplaýyn aragatnaşyklarynda ençeme gezek geçirilen belli-belli wagtlarda şeýle döwletli gepleşikler ýola goýuldy.
Türkmenistanyň galla ammar gurluşyk proýektleri mündiri mähendes Täwäkkoli şeýle diýýär: 1374-nji h.ş. ýyldaky iki ýurduň aralarynda ylalaşyknama gol çekilenden soň ýagny iki taraplaýyn şertnamanyň 15 procenti öňitöleg hökmünde eýranly galla ammar gurluşygyna tölenmegi ylalaşylandan soň bu iki taraplaýyn / Eýran-Türkmenistan / şertnamasy birnäçe mütdetden soň 3 taraplaýyn şertnama / Eýran-Türkmenistan we Ukrain / öwrüldi. Şunlukda proýektriň dürli etaplarynyň ýerine ýetirilmegini tassyklanandan soň Türkmenistan Ukrainanyň üsti bilen tölenmegi ýerine ýetirildi.
Ol gürrüňini şeýle dowam edýär; Emma işi yzygiderli alyp barmaklaryň dowamynda bu ugurdaky şertnama täzeden iki taraplaýyn bolup durdy. Elbetde bu meseleler5 öz wagtynda çözgüdini tapynça galla ammaryň gurluşygynyň ýerine ýetiriliş işlerinde 3 ýyllyk bökdenç döretdi. Şunlukda 1377-nji / 1999-m.ý. / ýylda akradetiw / LS / görnüşdäki bank arkaly pul dolanşygyny ýola goýuldy.
Şeýlelik bilen bu halkara standartlar bilen gabatlaşdyryly ýokary tehnologiýadan peýdalanylyp guruljak galla ammarlar “ Ýaşlyk ”, “ Gyzylarbat ” /Serdar/, “ Daşoguz ”, “ Baýramaly ”, “ Gulanly ” we “ Parahat ” ýaly ýerlerde 16,2 million amerikan dollarlyk bahasy bilen gurluşyk işlerine girişip başlandy.
Işöwürleriň aýtmagyna görä, galla ammarlaryň gurluşygynyň uly kynçylyklarynyň biri bu ýurduň topragyna esasan Mary welaýatynyň ýerine degişli suw howdanlaryň ýer ýüzüne has ýokary ýakyn bolany sebäpli ýeri çuňlaşdyrma mümkinçiligi bolmady. Şeýle hem “ Ýaşlyk ” ýaly ýerlerde ýagyş suwlary oturan wagtlarynda toprakda gerekli mäkämlik bolmadygy sebäpli dürli çäreler bilen ýeriň durkuny gowlaşdyrdylar.
Bu ugurda ýene bir zady belläp geçeliň. Galla ammarlaryň proýektleri, gurluşygy we onuň hem gerekli iş enjamlary eýranly işöwür hünärmentleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Ýöne welin bu galla ammaryň demir sklediniň gurluşygy we onda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň çylşyrymlylygy sebäpli halkara iş dolandyryş aragatnaşyklaryň üsti bilen Ispaniýaly bir firmanyň hütdesinde goýuldy.
Baýramaly we Parahat şäherleriniň galla ammarlar gurluşygynyň ýerine ýetiriji jogapkär işgäri Mähändes Ýusubalynyň aýtmagyna görä, “...Şeýle halatlarda Ispaniýaly hünärmentleri her bir sany galla ammaryň daşky demir keşbiniň guruluş möhletini 3 aý diýip yglan etdiler, emma bu işi eýranly hünärmentleri 45 günüň dowamynda işläp ýerine ýetirdiler.”
Ol sözüniň dowamynda şeýle diýýär: “ Eger gerekli enjamlar wagtly-wagtynda üpjün bolan suratda, dikeltmek işleri hatda ýatlanan möhletden hem az wagt alar ”.
Türkmenistanyň galla ammar gurluşygy proýektleriniň müdiri Mähändes Täwäkoly / Töwekguly / şeýle diýýär: Bu awtomat enjamlary bilen özleşdirilen we kompýuterler bilen kontrollyk edilýän galla ammarlary beýleki ýurtlaryň gurnaýan galla ammarlary bilen deňeşdireniňde ýokary hilli tehnikada orun tutýar.Onda bugdaýlar ammarlaryň arasynda iki ýana daşalanda owranýar. Hem-de her öýjükde gapgarylan bugdaýlaryň agramyny her bir şertde taýyn edip agramlap bolýar. Şol halatda öýjükler howa temperaturasyny ölçeýýän ulgamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.....
Diňe bir Mary welaýatynda takmynan 430 mýň tonna bugdaý önüminiň / bütin jemi önümden ikiden bir bölegi / öndürilmegi hem onuň üstesine ýyl saýyn bu önümiň ýokarlanma procesi sebäpli Türkmenistan döwleti bugdaý goýumlary saklamak üçin uly göwrümdäki galla ammarlara aýratyn üns berýär.Şonuň üçin hem jemi 6 sany galla ammarlardan 3 sanysy Eýranyň “ Jahad –e sazändegi ” firmasynyň tarapyndan “ Baýramaly ”, “ Gulanly ” we “ Parahat ” ýaly ýerlerde salynypdyr.
Häzirki döwürde bu8 welaýatda galla ammarlaşdyrma göwrümi bir ýüz müň tonna bolup Eýran bilen Türkiýäniň tarapyndan işdäki gurluşykda gurlup duran galla ammarlary hasaba alanymyzda bu göwrüm 200 müň tonna barabar bolýar.
“ Baýramaly ”, “ Gulanly ” we “ Parahat ” ýaly ýerlerdäki gurulyp duran galla ammarlarynyň Türkmenistanly gözlegçisi Derýaguly Ýazyýewiň aýtmagyna görä, bu welaýatdaky bugdaý önüminiň ösüşini göz öňünde tutup göz öňüne getirseň bu önümiň mukdary 2010-njy ýyla çenli bir million tonna baryp ýeter. Şonuň üçin biz gallalaryň ammarlaşdyryş göwrümini artdyrmaga mejburdyrys. 10
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda Garaşsyzlygymyzyň ýalkymynyň ilkinji şöhleleri nur saçyp başlandan iki ýurduň arasynda ilkinji gatnaşyklar ýola goýulyp gaýdyldy. 1990-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda S.A. Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Mazenderan we Horasan welaýatlarynyň delegaciýalaryny ýagny Mazenderan welaýatlarynyň gubernatory Seýid Ysmaýyl Manewiniň baştutanlygynda işjeň toparlarynyň wekilleri, söwda we kooperatiw kärhanalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Myhmanlar Türkmen topragynda bolmakdan galan täsirleri barada gürrüň berdiler,aýtmaklaryna görä,olar dürli gepleşikleri ýola goýmak we ösdürmek üçin bu ýerde amatly ýagdaýa düşüpdirler. TSSR bilen Eýran Yslam Respublikasynyň iki welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady,ylmy-hehniki we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen protokola gol çekildi. 11
Saparmyrat Niýazowyň 1995-nji ýylyň 4-nji iýulynda Eýran Yslam Respublikasyna sapary wagtynda taraplar Körpeje-Gurtguýy / Kürtkui / turba geçirijisiniň taslamasyny taýarlamak we ony gurmak barada ylalaşyga geldiler. Türkmenistanyň dünýä bazaryna çykmagy üçin özboluşly derweze bolan Eýran bu energiýa ýolunyň taslamasyny işläp düzmegi we desgany ulanmaga taýarlamagy borç edindi. Gaz ýatagynyň gurluşygynyň we 140 kilometrlik turba geçirijisini çekmegiň 80 procentini maliýeleşdirmegi öz üstüne aldy.Türkmenistan 25 ýyllap Eýrana her ýylda 8 milliard kubametr gaz bermegi we Eýran gaz satyn alyp ugranyndan üç ýyl geçenden soň,onuň türkmen territoriýasynda gaz geçirijisiniň toslamasyny taýarlamak we gurmak üçin çykaran maliýe çykdajysyny tölemäge kepil geçirýär. 12
Şeýlelikde “ Türkmen –Eýran ” partnýorçylygy syýasy durnuklylyk fakturyna öwrülip,regionda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hyzmat edýär.
Türkmenistan tarapyndan gözegçilik edýän bu işgär,eýranlylaryň tarapyndan gurnalyp durlan galla ammarlaryň hil taýdan göwnejaýlygy hakda gürrüň berip şeýle diýýär: Eýranlylaryň gurnaýan galla ammarlarynyň bahasy mynasyp,gurlup tabşyrylma möhletiniň gysgadygy,dikeldiliş çäreleriniň mynasypdygy ýaly aýratynlyklary bar.
Şu ýerde bir zady ýatlamak gerek eýranlylaryň galla ammar gurlyşyk proýektleriniň ýerine ýetiriliş hakda,türkmen taraplarynyň ýokary derejede göwnejaý kanagatlanmalaryny gazananlygy üçin galla ammarçylyk gurluşygy ugrunda ýene-de birnäçe täze şertnama bu firmanyň öňünde goýuldy.Emma käbir görnüp duran bökdençler ýagny işgärleri çagyryş meselesi pul çykdajylaryny goýberiş kynçylygy, ýokary hilli gurluşyk materiallarynyň ýoklugy şeýle proýektleriň dowam etdiriş etabyna gereksiz täsirleri galdyrýar. Elbetde häzirki alnyp barylýan galla ammar gurluşyklary hakda hiç hili esasy kynçylyk ýüze çykmady.
Türkmenistanyň galla ammar gurluşyk proýektleriniň direktory şeýle diýýär: Aşgabat şäheriniň 50 kilometr ýakyndaky “Ýaşlyk” galla ammary 91 procent ösüş bilen ýakyn geljekde şeýle hem Baýramaly 94 procent,Gulanly 91 procent,Parahat 97 procent,Gyzylarbat 90 procent we Daşoguz 60 procent fiziki ösüşi bilen üstümizdäki ýylyň aýaklaryna çenli tamamlanyp tabşyrylar.
Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Eýran Yslam Respublikasy bilen birek-birege doly düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan hemme taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär.Medeniýet,däp-dessur bu iki halky diýseň ysnyşdyrýar. Bu bolsa ykdysady integraciýany mundan beýläk-de ilerletmek üçin gowy esasdyr.Olaryň arasyndaky gatnaşyk konstruktiw söwda we tehniki hyzmatdaşlygyň senagat we oba hojalygy babatda, nebit,gaz pudagyny,bank işlerini we transport kommunikaciýalaryny ösdürmek,turba geçirijileriňi gurmak,gumanitar meseleleri ylalaşykly çözmek babatda birek-birege işjeň goldaw bermegiň ajaýyp nusgasy bolup biler. “Eýran diňe bir hoşniýetli goňşymyz bolman,eýsem ol ägirt potencialy we infrastrukturasy bolan beýik döwletdir hem,bu bolsa bizde uly gyzyklanmadöredýär” 13 –diýip,Saparmyrat Türkmenbaşy belleýär.
Eýran-türkmen hemme taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugrunda ilkinji gezek 1991-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda S.A.Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nematulla Izadyny kabul etdi.Söhbetdeşlikde konsullyklaryň açylmagynyň, soňra goňşy ýurtlarda ilçihanalaryň açylmagynyň zerurlygy bellenildi. Ilçi: “-Eýranyň halky we ýolbaşçylygy TSSR-iň prezidentiniň baştutanlygynda türkmen delegaciýasynyň Resmi saparyna garaşýarlar!”-diýip aýtdy. Edil şol wagtlarda Saparmyrat Türkmenbaşy Eýran Yslam Respublikasynyň ýörite söwda sergisini açmak üçin Aşgabada gelen döwlet delegaciýasynyň bir toparyny kabul etdi. Delegaciýanyň wekilleri Eýran welaýatlary bilen TSSR-iň arasyndaky ykdysady hem söwda ylalaşyklarynyň esasan ýerine ýetirilýändigini bellediler. 14
1991-nji ýylyň 22-nji sentýabry S.A.Niýazow halkara Howdan geçelge nokadyna SSSR-iň döwlet serhedinde sadalaşdyrylan geçelge açylmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan welaýatynyň wekilleri regulýar gepleşikleriň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.Iki ýurduň arasynda ykdysady we beýleki gatnaşyklaryň gowy başlangyjynyň başlanandygyny tassyklady.TSSR-iň prezidenti we Horasan welaýatynyň baştutany Aly Jennetini bazaryň geljekki jaýynyň ilkinji kerpiçlerini goýdular.
Açyk ýoluň dostluk we agzybirlik ýoluna öwrüljekdigine biz ýnanýarys. “Biz halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gitdigiçe pugtalanmagy üçin jan ederis”-diýip S.A.Niýazow aýtdy. 15
1371-nji h.ş. ýylyň ýaz aýlarynda Aşgabatdaky geçirilen ýygnaklaryň yzysüre Hazar deňziniň gyrasyndaky ýurtlaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň döredilmegine tamamlaşdy. 16 Şeýle hem 70-10-28 –nji h.ş. ýylda Azyrbaýjan,Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlar “EKO” birleşigiň agzalygyna girdiler. 17
Milli garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk toýunyň giň möçberli baýram edilen meselesi bolan üstümizdäki ýylda / 2001/ işe girizilen Kregingi /MSSC/ binasynyň bir özi ýokary hilli ýangyç önümleri bilen birlikde,her ýylda ýangyç gazynyň 60 müň tonnasyny, suwuklandyrylan gazyň 345 müň tonnasyny işläp çykarmaga ukyplydyr.Şonuň bilen birlikde nebtiň katalilik riformingi ( Sisiýar ) hem çig mal gaýtadan işlenende “ Mawy ýangyjyň ” ýer-eýeli möçberi bölünip çykýar.
Bu bolsa, maddy bähbit gazanmakda,nebit önümleri bilen birlikde “Mawy ýangyjyň ” orny, paýyny artdyrmaga-da giň mümkinçilik açýar.
Şu jähetden suwuklandyrylan gazy müşderilere ýetirmekde demir ýol ulgamynyň we nebit kärhanasynyň ysnyşykly işlemeklerini döwür talap edýär.
Bu wajyp önümçilik toplumyny goňşy Eýran döwletiniň “ Pars enerji ” firmasy paý gatnaşygynda amala aşyrdy. /türk/
Gaz terminallarynda polat ýoldaky ak çelekleriň birbada bir näçesine “mawy ýangyç” guýmaga mümkinçilik bar. Bu bolsa,türkmen gazyny içeri we daşary bazarlaryna ýetirmekde polat geçirijiler bilen birlikde ýene täze ugruň rowaç alandygynyň ynamdar kepilidir.
Ýeri gelende aýdylsa, demir ýol gaz terminaly “Pars enerji ” firmasy tarapyndan bu ýerde gurulan ikinji desgadyr. Şolaryň birinjisi awtogaplara “mawy ýangyç ” guýmaga niyetlenendir. Ýurt garaşsyzlygynyň öň ýanynda işe girizilen bu bähbitli desga häzir sazlaşykly işläp dur. 18
Şeýle hem “ Türkmenistan ” gazýetiniň 2001-nji ýylynyň 13-nji Noýabryndaky ikinji sahypada “Türkmen demir ýoly ” Altyn asyrda täze ýollar uzalýar” atly makalada türkmen demir ýol gurluşykçylaryň irginsiz işleýändikleri hakda we bu ýoluň ýokary ähmiýetiniň bardygy we abadan geljegi göz öňüne getirýändigi hakda giňden söhbet açylýar. 19
Ýatlanan makalada görkezilişi ýaly 10 ayyň dowamynda türkmen demir ýoly boýunça ýukleriň 9,4 million tonnasy daşaldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20 göterim köpdür. Ýolagçylaryň 2,7 milliony gatnadylar. Bu bolsa,2000-nji ýylyň görkezijisinden 22 göterim artykder.
Türkmen demir ýolçylary halkara we sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen täze gatnaw ýollarynyň açylmagyna ýardam edýärler. YHG –nyň taslamasy boýunça indiki ylyň başynda Almata-Daşkent-Türkmenabat-Sarahs-Tähran ýoly boýunça ýolagçy otlynyň gatnawyny açmak göz öňünde tutulýar. Geljekde bu ýol Stambula çenli uzaldylar. Diňe Tährana çenli bu ýoluň uzynlygy 3,5 müň kilometrden geçer.Onuň 470 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçer.
Şeýle hem “Türkmenistan” gazýetinde “Türkmen Döwlet Habarlar Gullugynyň söhbetdeşligi” gazýet bölüminde “ Türkmenistan hem Eýran ygtybarly hem-de deň hukukly hyzmatdaşlardyr ”–diýlen söhbetdeşlikde, Eýran Yslam Respublikasynyň Garaşsyz Türkmenistandaky adatdan daşary doly ygtyýarly ilçisi jenap agaýi Seýidibrahim Derazgisunyň söhbetdeşligi göýberilýär. Şonda dostlukly Eýran halky 11-nji fewralda özüniň uly milli baýramçylygyny belleýändigini nygtalyp söhbetdeşligiň dowamynda şeýle beýanlara gabat gelýäris:
“...Döwlet işlerine daşyndan gatyşylmagyny ret edýän garaşsyzlygyň pugtalandyrylmagy, sada adamlaryň öz ykbalyny özleriniň çözmegini kepillendirýän täze konstituciýasynyň berkarar edilmegi, elbetde, iň uly üstünlikdir. Yslamyň esasynda berkarar edilýän kanunlar bütin halkyň ses bermeginde dört ýyl möhlete saýlanylan “Yslam geňeşiniň Mejlisiniň” deputatlary tarapyndan düzülýär.
Ol sözüniň dowamynda şeýle diýýär: “...uly möçberli durmuş maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, milli senagatyň, ylmyň, bilimiň,saglygy goraýşyň ösdürilmegi, häzirki zaman tehnologiýalarynyň özleşdirilmegi,ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagy,ýokary okuw jaýlarynyň we ylym merkezleriniň sanynyň artdyrylmagy örän gysga möhletlerde önümçiliginiň artdyrylmagyna hem-de halkyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berdi.”
Şeýle hem taryhy we medeni geografiki hem dostlukly gatnaşyklar hakda jenap agaýi Derazgisu şeýle gürrüňler berýär....Umuman gadymy taryhy,medeni we geografik kökler,gürrüňsiz biziň halklarymyzy ýakynlaşdyrmagynyň esasyna öwrüldi.Taryhyň pajygaly wakalaryna garamazdan şu ençeme asyrlaryň dowamyndaky aragatnaşyklar ýitip gitmedi,olar täze şertlerde gaýtadan dikeldildi we hyzmatdaşlygy hemme taraplaýyn ösdürmäge kuwwatly itergi berdi.Biz iki taraplaýyn gatnaşyklary has-da güýçlendirmek üçin tagalla baryny edýän biziň ýolbaşçylarymyzyň zähmetiniň şaýadydyrys.
“...Söwda, ulag we nebit-gaz toplumy, awtomobil ýollarynyň hem-de agrosenagat desgalarynyň gurluşygy ýaly möhüm pudaklarda eýäm durmuşa geçirilen we täze bilelikdäki taslamalar döwletleriň ikisiniň hem özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we iki tarapa hem peýdalylyk ýörelgelerinde netijeli özara gatnaşyklary alyp barmaga meýil edýändiklerine şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygy giňeltmekde Türkmenistanyň we Eýranyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Munuň özi bütin sebit üçin hoşniýetli doganlyk goňşyçylyk gatnaşyklarynyň mysalydyr.”
•Demiýol enjamlary “...Eýran we Türkmenistan daşary syýasy pikirleriň hem-de ýörelgeleriň mazmuny boýunça umumy ýa-da biri-birine örän ýakyn ýörelgä eýerýärler. Döwletiň ikisi-de sebitde we dünýäde asudalygyň hem-de durnuklylygyň ýola goýulmagy ugrunda çykyş edýär”. Olar beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, halkara ylalaşyklarynyň berk ýerine ýetirilmegi, şeýle hem dünýä meseleleriniň umumy ylalaşyklylyk we birek-birege hormat goýmak şertlerinde çözülmegi babatyndaky ýörelgelere eýerýärler.
Biziň ýurtlarymyz häzir halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär.Olaryň arasynda bolsa,BMG,EKO Yslam konferenciýasy guramasy /YKG/ we beýleki guramalar bardyr.Bizi sebitara ulag,energetiki desgalar taslamalary birleşdirýär.Biziň ýurtlarymyz ähli halklaryň arasynda aragatnaşyklary hemme taraplaýyn ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň tarapdarydyr.
“...Her bir ýurduň baýlyklaryny iki topara bölmek bolar.Maddy we ruhy baýlyklara.Türkmen halkynyň hakykatdan hem örän uly maddy we ruhy mümkinçilikleri bar Türkmenistanyň Prezidentiniň üstünligi,durmuşa geçirýän örän möhüm döwlet maksatnamalaryny öz gözüm bilen görýärin.Şu maksatnamalar bolsa,türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň öňündäki abraýyny ýyl saýyn artdyrýar.Gazyň,nebitiň we beýleki tebigy serişdeleriniň ägirt uly guramalaryny ýylsaýyn güýçlendirilýän oba hojalyk we senagat önümçiligi,esasy zat bolsa,biziň halkymyzyň zähmetsöýýerligi hem-de maksada okgunlylygy onuň geljeginiň rowaçlanmagyny üpjün eder diýip,men pikir edýärin...
Türkmenistan bilen goňşy we onuň bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýän doganlyk ýurduň ilçisi bolmak bilen Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşa we bütin türkmen halkyna özümiň iň gowy arzuwlarymy aýtmak isleýärin. 20
* Eýranda demirýol ulgamlaryn täzeleşdiriş tapgyrdan soňky kartasy

Türkmen-Eýran gatnaşyklarynda iki döwletiň ýurt ýolbaşçylary Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň birinji etaplaryndan başlap dürli ýörelgelerde iş alyp barmagyň ýerligini taýyn etmek üçin yzygiderli gepleşikleri alyp bardylar.
1991-nji ýylyň I-nji bitarap aýynda S.A.Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Aly Ekber Welaýaty bilen duşuşdy we oňa Türkmenistanda bolup geçen özgerişlikler barada gürrüň berdi, iki döwletiň arasynda döräp gelýän gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belledi we olaryň mundan buýana-da üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.Türkmenistanyň öz ygtyýarly döwlet hökmünde günortadaky goňşysy bilen işeňňir we köp taraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanýandygyny, türkmen halkynyň onuň bilen taryhy kökleri arkaly baglanyşyklydygyny, olary milli we ruhy umumylygyň birleşdirýändigini belledi. A.A.Welaýaty iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklary mundan buýanada ösdürmäge hyjuwlydygyny we Eýran Yslam Respublikasynyň milli bankynyň bölümini açmagy karar edendigini aýtdy. Gürrüňiň gidişinde Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoluny gurmagyň, Aşgabat-Tähran howa ýoluny açmagynyň, telegraf-telefon gatnaşygyny döretmegiň,medeni gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine hem seredildi. 21
Ençeme asyrlap garaşsyz hukugyndan mahrum edilen türkmen halky öz garaşsyzlygyna eýe bolan günlerinden Eýran Yslam Respublikasy ilkinjiler hatarynda Türkmenistanyň garaşsyz hukugyny ykrar eden döwletleriniň biri bolup durýar. Şondan bäri Türkmen-Eýran gatnaşyklary barha ýygylaşyp başlandy. Şeýle gatnaşyklaryň dowamynda 1991-nji ýylyň 26-nji dekabrynda S.A.Niýazow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mahmut Wa’ezini kabul etdi. Myhman oňa döwlet baştutany Rafsanjanynyň Eýrana gelip görmäge iberen çakylygyny gowşurdy. Bu sapara Eýran tarapynyň öz ygtyýarly döwleti kabul etmegiň doly protokoly boýunça guramaçydygy munuňam sebäbiniň diňe bir 21-nji dekabrda Eýranyň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny resmi taýdan ykrar edenligi bilen däl-de,eýsem täze şertlerde hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmek hyjuwynyň hem bardygy bilen düşündirilýändigi mälim edildi.” 22
Gatnaşyklar öz real ýörelgesinde 1992-nji ýylyň 17-nji ýanwary S.A.Niýazow Eýran bilen Türkiýäniň guran “Gidrolum-Posgah-e pol (Güdür-Olum)” atly awtomobil ýolunyň açylyşyna gatnaşdy. 23
Eýranda GDA ýurtlary hakda “Keşwärhaýe mostägell-e moştäräk-elmonafe” atly 1995-nji ýylda neşir bolan kitapda Orta Aziýadaky ýurtlar hakda dürli maglumatlar berilýär.Şol ýurtlaryň arasynda Garaşsyz Türkmenistan hakda hem doly durlup geçilýär.
Şol eserde Türkmenistanyň geografiýasy, halky, syýasaty, ykdysadyýeti, transport aragatnaşyklary, okuw we saglyk saklaýyş, syýahatçylyk we medeniýet we taryhy hakda maglumatlar berilýär. Şol eserde Garaşsyz Türkmenistanyň dürli ykdysady hem gumanitar bileleşiklere we hyzmatdaşlyklara gatnaşýandygy hakda bellenilýär. Garaşsyz Türkmenistan 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Almaatadaky ýygnaşykda täze garaşsyz ýurtlaryň agzalygyna geçýär.1992-nji ýylda BMG-niň agzalygyna kabul edilýär,şeýle hem Ewropa howpsuzlyk hyzmatdaşlygy konferenciýasy,halkara pul fondy,BMG-niň söwda ösüş konferenciýasy,BMG-niň çagalar fondy / ÝUNISIF /, halkara poçta kärdeşligi, halkara saglyk saklaýyş guramasy, ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy /EKO/, Demirgazyk atlantikiň hyzmatdaşlyk soweti, halkara üýtgedip we ösdüriş banky we GAT ýaly halkara guramalaryň agzalalygyna geçirilýär. 24
Türkmenistanda iň möhüm ýerasty magdan goýumlary bar. Şolardan kükürt, sulfat natriý we tebigy gaz.Ol kükürt goýumlary boýunça dünýäde üçünji orunda we tebigy gaz boýunçada dördünji orunda ýer tapýar. 25
“Türkmenistanyň demir ýol seti oňat sazlaşdyrylypdyr we bu ýurduň ähli möhüm şäherlerini öz bürençeginde goýar.Çärjew-Daşoguz demirýolunyň bir bölegi Özbegistanyň içinden geçýär.Häzirki zaman Türkmenistanyň demir ýoluny Maşat-Sarahs demir ýoluny biri-birine baglanyşdyrmak bilen bu ýurduň aragatnaşygyny Eýranyň üstünden Türkiýä we ýakyn günbatar Ewropa ýurtlaryna birleşdirmek üçin maksatnamalar işlenip dur.” 26
1990-njy ýylda Türkmenistanyň demir ýolunyň uzynlygy 2-120 kilometr bolup, şol ýatlanan ýylda 13,400 kilometr ýoldan 86 göterimi gara ýollardan ybaratdy. Şeýle hem Türkmenbaşy port şäheri Hazar deňziniň gündogar kenar ýakasynyň iň möhüm port şäheri diýlip hasaplanýar. Ondan Türkmenistanyň Ortaýer deňzi we Baltika deňizleri bilen gatnaşygy bolup durýar. 27
Garassyz döwletler ýurtlary” hakda Eýranda neşir edilen kitapda 1991-nji ýyldaky Türkmenistanyň iş önümi barada aşakdaky tablitsýada şeýle maglumatlar göýberilipdir:Statistika1990-1991-nji ýyllarda Eýran Yslam Respublikasynyň Orta Aziýa Garaşsyz döwletler ylaýtada Garaşsyz Türkmenistan bilen hemme taraplaýyn aragatnaşygy ýola goýmak üçin, ykdysady, söwda, medeni we beýleki ugurlarda gerekli dürli maglumatlar çöplenipdir.
Birinjiden zamananyň we döwrüň talabyna görä, ikinji bir tarapdan Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan Orta Aziýadaky täze garaşsyz bolan ýurtlara esasanam öz has ýakyn serhetdeşi, geografiki meňzeşligi hem dini, taryhy we medeni taýdan ortaklaşy bolan Garaşsyz Türkmenistana doganlyk we dostluk gözi bilen seredildi. Şonuň üçin iki döwletiň syýasy ýolbaşçylary ýygy-ýygy gatnaşyklaryň esasynda dürli meýdanlarda iş alyp barmaga işeňňir meýdan açdylar.
Şeýle zerurlyklaryň talabyna görä, ilkinji gezek 1991-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Saparmyrat Niýazow Türkmenistan SSR-niň delegatsiýasynyň ýolbaşçysy bolup resmi sapar bilen Tährana bardy.Aeroportda ony Eýranyň daşary işler ministri Aly Akbar Welaýaty garşy aldy.Olar öz aralaryndaky gysgaça söhbetdeşlikden soň jurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.TSSR-iň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijesi häsiýetdedigini belledi we olaryň mundan buýana-da rowaç aljakdygyna ynam bildirdi.Türkmenistan özygtyýarly erkin döwlet hökmünde öz günortadaky goňşusy bilen işeňňir hem-de köpdürli hyzmat etmäge gyzyklanýar.Geçmişde-de şu gün hem türkmen halky onuň bilen köp zat baglanyşdyrýar.A.A.Welaýaty S.A.Niýazow diýenlerinde goşuldy.
S.A.Niýazow Eýranyň Prezidenti Aly Akbar Haşemi Rafsanjany Eýran Yslam Respublikasynyň Konstituciýasynda yslam hem-de goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn orun berilýändigini Türkmenistanyň hem şol ýurtlaryň hataryna girýändigini nygtady.“Biz Türkmenistan bilen hemme taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge döwtalapdyrys”-diýyip,Rafsanjany aýtdy... Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri A.A.Welaýaty bilen gepleşik geçirdi. S.A.Niýazow Türkmenistanyň transport, serhetýaka söwdasy, we serhetdeş derýalarda bilelikde bent gurmak ýaly meselelerde Eýran bilen düýpli hyzmatdaşlyk etmek ugrunda çykyş edýär- diýip belledi. 28
Şeýlelik bilen Türkmenistan 1991-nji ýylyň 26-nji oktýabrynda öz garaşsyzlygyna halkyň 94,1 göteriminiň ses bermegi bilen eýe bolýar. Bu waka goňşy ýurtlara ylaýta-da Eýran Yslam Respublikasyna täsir galdyryp ondan bäri iki ýurduň hemme taraplaýyn gatnaşygy hakda has ykjam çemelişilýär.
Ýatlanan ägirt wakanyň yzy süre 1991-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda S.A.Niýazow Eýranyň Horasan welaýatynyň gubernatory A.Jennetini kabul etdi.Olar iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýynda we perspektiwasyna uly baha berdiler we 1991-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Tähranda baglanyşylan memorandumyň ähmiýetiniň möhümdigini nygtadylar. 29
Eýran-türkmen gatnaşyklarynyň bir göwrümini serhet gatnaşyklar we serhet boýundaky hojalyk mümkinçilikleri iki taraplaýyn bährelenligiň ugruň alynyp barylýan işleriň biri hem “Dostluk” bendi bolup durýar. Bu bent Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrar, diýlip ynamly ädimler ädilýär.
Şeýle maksatlaryň ugrunda Türkmenistanyň Oba we Suw Hojalygy Ministrliginiň hem-de, Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika Ministrliginiň wekillerinden ybarat bolan Türkmen-eýran komissiýasynyň agzalary 2-nji Sentýabrda Aşgabatda serhetýaka Tejen derýasyndaky “Dostluk” bendiniň gurluşygynyň taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny makulladylar. Gepleşigiň jemleri boýunça protokollaryň ikisine gol çekildi. Olar iş dokumentaciýalaryny taýýarlamagyň tapgyrlaryny, suwy paýlamak hem-de suw howdanynyň (bendiniň) gurluşygyny maliýeleşdirmek meselelerini, şu taslamany amala aşyrmaga goňşy döwletleriň potratçy guramalarynyň gatnaşmagy baradaky meseleleri belledi.
Bu mesele 1996-njy ýylyň maý aýynda ýagny bendiň düýbi tutulan mahalynda Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri dostlukly halklaryň şu taslama bilen örän gyzyklanýandyklaryny nygtapdyrlar. Ol suw howdanynyň gurulşygyna we onuň ulanylmagyna degişli ähli meseleler çözleginde, deňligiň bolmagyny göz öňünde tutýar. ... Dowamy ...
---------------->; Çykgytlar we Edebýat:

1 comment:

phdoctrate said...

1. Peýk – e Hazar. Sal-e çaharom / görk.iş /, 5 sah.
1. Ettela,at. Ekşenbe çaharom-e deý. / görk iş /.
3. Fäsilnama - ýe ; , ettela,at…./ görk iş /
4. Şol erde.
5. Fasilname - ýe: , ettela,at.. / görk iş /, 128 sah.
6. Ettela,at. Şomare-ýe 22092, çaharom-e deý / görk iş /.
7. Ruznameýe ettela,at. Şo. 22092, / görk iş /.
8. Şol ýerde.
9. Ruznameýe ettela,at, şo. 22092, / görk. iş /
10. Ruznameýe ettela,at , şo. 22092, / görk.iş /
11. Garaşsyzlygyň ynamly ädimleri,Aşgabat -1996, 60 sah.
12. şol ýerde.
13. Garaşsyzlygyň …/görk.iş /, 114 sah.
14. / 114 sah. G.Y.Ä. /
15. Garaşsyzlygyň…/görk.iş /, 115 sah.
16. Ettela,at, 29-nji bähmän 1370 ş.-Tähran.
17. Ettela,at siýasi-egtesady, ,№ 76-75,1372-Tähran-43 sah.
18. Türkmenistan, № 285 ( 23268 ). 2001-nji ýyl, 15-nji noýabr,penşenbe-Aşgabat, 2 sah.
19. Türk., № 285 ( 23266 ), 2001-nji ýyl. Aşgabat. 2-nji sah.
20. Türkmenistan, № 36( 23019 ),2001-nji ýylyň 9-nji fewraly anna, Aşgabat -3 sah.
21. Garaş. ynam. äd. 127 sah.
22. Şol ýerde. 133 sah.
23. Şol ýerde.
24. “Rahnäma-ýe keşwärha-ýe moştäräk –el,monafe wä jemhuriha-ýe Baltik”, çaphane-ýe färhäng,Tehran-1374 ş.(1995 m.), 84 sah.
25. Şol ýerde, 86 sah.
26. Şol ýerde 88 sah.
27. Rahnama-ýe Keşwärha., / görk. iş / , 89 sah.
28. Garaşsyz…/görk iş /, 120 sah.
29. Şol ýerde, 123 sah.