Wednesday, March 31, 2010

c). Hazar ýaka meseleleri:

Hazar deňzi dünýäde iň uly we has gadymy kölleriň hasabynda durýar. Bu deňiz dünýä ekosisteminiň aýratynlygyny özünde, özboluşly ýerleýär we bu mekany başga deňizlerden aýratynlaşdyrýar.
“OPK” ýa-da “Opeýk Nebit Bileleşik” guramasynyň býulletiniň 1996-njy ýylyň Noýabryndaky nomerinde Eýranyň wekili jenap “Ardebili” bu guramada Hazar deňzi hakdaky meselelere kämil seredip öz nukdaýnazarlaryny beýan edipdirler: “...
Hazar deňziniň kenar ýakalaryndaky Azerbaýjan, Eýran, Orsýet, Türkmenistan we Gazagystan ýaly döwletleriň 1994-nji ýylda takmynan 150 milliard 200 literlik boçka nebit we 75 milliard kuba metrden gowurak gazy erkinde bolup, dünýä boýunça 15 göterim nebit ýataklary we 50 göterim gaz goýumlaryny öz içine alýardylar.
Nebit we gaz önümleriniň islegleriniň günsaýyn ýokarlanmagyny göz öňüne tutanymyzda, Orsýet we Orta Aziýa ýurtlary geljekde Aziýa ýurtlaryna nebit eksport etmekde iň uly nebit-gaz satyjy ýurtlara öwrülýär.”1
Türkmenistanyň Hazar deňiz gyrasy 1786 kilometre barabar bolup deňziň milli howpsuzlygy hakynda hem Eýran bilen bir hatarda araçäk ýerleşýär. Şonuň üçin Eýranyň syýasy wekilleri Garaşsyz Türkmenistany köp taraplaýyn bähbitlidigi üçin hem bolsa, bu ýurda ýokary derejede diplomatik gatnaşyklarada uly paýynyň bardygyna has çuňňur düşünýärler. Hazar deňziniň diňe bir balyk baýlyklary däl-de, eýsem ondaky bar bolan nebit-gaz gorlary, ekologiki şertleri, biologiki minerallar goýumlary, suw üsti serhet geçelgesi we ş.m. şertleri özünde jemleýändigi üçin häzirki zamanda strategiki ähmiýete eýe bolýar.
Şu meseleler öz akabasynda goňşy ýurtlarymyz bilen ylalaşykly gatnaşyklary talap edýär. Olaryň hem bu meselä garaýyşlarynyň çuňňur öwrenilmegi zerur bolup durýar.
Deňiz gyralaryndaky nebit çykaryjy enjamlar
Hazaryň kenar ýakalaryndaky Eýrandan başga döwletleri 1975-nji ýyldan 1994-nji ýyla çenli bu deňizden nebit çykarmagy berheder edilipdir. Öňki Sowet Soýuzynyň ýerine galan ähli döwletler şu günlere çenli (1998ý.) durgunlyk döwrüň çüýrän fundamenti bilen gümrä bolup galypdyrlar. Bu döwletleriň ösüş proýektleri Nebitiň girdeýjilerine bagly bolup durýar.
Jenap Ardebiliniň aýtmagyna görä, Hazar deňziniň nebit ýataklaryndan
azyndan 28 milliard boçka durnuklaşan nebit goýumlary ýatyr. Beýleki ölçegler we gözegçilikleriň berýän maglumatlaryna görä, bu regiýonda 68 milliard boçka nebitiň ýatandygy mälim edilýär.
Hazar deňzini onuň gyrasyndaky döwletleriň arasynda deň hukukly peýdalanylmagy ugrunda dürli maslahatlar hem garaýyşlary orta oklanyldy. Ruslaryň berýän maslahaty boýunça, Hazar deňzi ýa-da bäş bölege bölünip onuň göwrümi hakda ylalaşyklar geçirilmeli ýa bolmasa-da, bütin deňiz boýunça 20-den 30 maýla çenli her döwletiň öz eýeçiliginde durmaly we galan uzaklyklary bolsa, bu döwletleriň arasynda düzeljek bir jemgyýetiň gözleginde goranmagy teklip etdiler. Eýran bilen Orsýet Hazaryň kenarýakalaryndaky döwletleri degişli hukuk çarçuwasyndaky geçiriljek ýygnaga gatnaşmaga gyssagladyrlar. Garaşsyz Türkmenistan bu teklibi goldap hemaýat etdi.
1996-njy ýylda üç ýurduň Daşary Işler Ministrleri bilelikde duşuşyp Hazar deňziniň nebit ýataklaryny ulanmak baradaky Rus-Eýran we Türkmenistan döwletleri bilen bilelikdäki jemgyýeti döretmäge plan-programmalar düzüşdiler. Elbetde şeýle maksatlaryň amala aşyrylmagy, degişli hukuk meseleleriň giňişligi beýanyny tapýan wagtyna çenli uzaldylýar.
Hazar deňziniň Türkmenistan kenarýakalaryndaky nebit ýataklaryndan nebit çykarjak firma ýa-da konseresýomlaryň bildirilmesine laýyk, Türkmenistan hökümeti tarapyndan ýarym bäsdeşigi açyldy.
“1991-nji ýylyň 8-nji iýulynda Saparmyrat Niýazow, Hazar deňziniň howuzçasynda (basseýninde) ekologik ýagdaýy düýpgöter gowulandyrmagyň çäreleri hakyndaky permana gol çekdi.”2

“Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Niýazow türkmen Tele-Radio ýaýlymynda ýaýynlanan kararyna görä, Hazar deňziniň Türkmenistan tarapyndaky kenarýakasynda gözleg işlerini geçirmek isleýän firmalar arasynda birinji sentýabrdan 28-nji noýabra çenli, özara ýaryş şertnamasyny almak üçin ýüz tutup bilerler. Ýaryş bäsleşige goşuljak firmalara Hazar deňziniň kenarynda geologiki, geofiziki we tehniki özboluşlyklaryny görkezýän maglumatlar beriler”. – diýip belläpdirler. 3a).[76]
Häzir alymlar Hazar deňziniň türkmen kenarlarynyň biologiki dürli görnüşliligini saklamak boýunça milli hasabatlary toplanylýar. Bu mesele diňe bir Türkmenistan üçin däl-de, eýsem halkara dünýä möçberinde örän ähmiýetli gözegçilik etmeli işleriň biri bolup durýar.
.Deňiz gyralarynda öňde durýan ekologiki mseleleriň biri

1998-nji ýylyň maý aýynyň başlarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ramsar şäherinde Hazaryň ekologiýa maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşynada ara alynyp maslahatlaşylan; “Hazarýaka Bäşligiň” ekspertleri şeýle pikire geldiler. Eýranda deňiz ýakasyndaky döwletleriň ekspertlerinden başga-da, taslamany maliýe taýdan gollap çykyş edýän Düýpli Ekologiýa Fondunyň, Bütindünýä Bankynyň, TASIS-iň we ÝNEP-iň “BMG-niň daş-töwerek baradaky programmasy” wekilleri geldiler. Mundan başga-da, maksatnama Düýpli Ekologiýa gorunyň we BMG-niň Ösüş programmasynyň gös-göni howandarlygyna Hazarýaka sebitiň ýurtlarynda amala aşyrylýar.
Hazar ekologiýa maksatnamasy 4 ýyl mundan ozal düzülipdi, ýöne Hazaryň halkara hukuk statusyny çözmegiň uzaga çekdirilmegi, bu meseläni, sebiti ekologiki taýdan sagdynlaşdyrmagyň ikinji meselesine öwrüldi. Şoňa görä-de, ekspertleriň Eýrandaky duşuşygynda olar maksatnamanyň amala aşyrylmagy Hazar ýakasynda döredilýän syýasata bagly bolmaly däldir! -diýen ýeke-täk pikire geldiler.
Sebitleýin häsiýetli bolan bilelikdäki taslama birinji nobatda, Hazaryň kenar ýakasynyň daş-töwereginiň hapalanmagynyň öňüni almaga we bu täsin deňziň biologik serişdelerini saklamak baradaky bütewi maksatnamany işläp taýarlamaga gönükdirilendir.
Häzirki geçip duran wagtyň özünde, Hazarýaka döwletleri, hereket etmegiň milli maksatnamalaryny işläp taýarlaýarlar we öz kenarlaryndaky ekologik ýagdaýy baradaky hasabatlaryny düzýärler, soňra olar Düýpli Ekologiýa Fondunyň we Bütin Dünýä Bankynyň Iýulyň ahyrynda boljak maslahatynda bu taslamalary maliýeleşdirmek üçin serişde bermek baradaky mesele çözüler. 1999-njy ýylda Hazaryň ekologiýa maksatnamasynyň iş ýüzünde güýje girizilmegi göz öňünde tutuldy. Ekspertler häzirki maslahatyň barşynda maksatnamanyň utgaşdyryjy geňeşini döretmek baradaky meselä garadylar hem-de ekologik meseleleri çözmekde merkeziň işeňňirleşmegini anyklaşdyrdylar. Hususan-da Türkmenistanda tebigatyň çöllüge öwrülmegi we ýeriň guruluşynyň bozulmagy hem-de bu tebigy hadysalaryň Hazaryň ýakasyndaky zeolaklara edýän täsiri baradaky ähli maglumatlar jemleniler. Bu maglumatlara deňiz suwynyň köpelip joşmagy situatsiýasy, kommunikasiýa işleri we monitoring baradaky hakyky materiallary giriziler.
Ýeri gelende aýtsak, Eýran duşuşygynda Hazaryň Gündogar ýakasyndaky türkmen bölegi iň arassa bölekdir, diýlip bellenildi. 3
Ýokardaky agzalyp geçilen ekologiýa meseleleri barada täzeçe mazmun bilen “Türkmenistanyň Täzelikleri” gazýetiniň № 1 (297) 03.01.2000 ýyl, sanynda-da doly maglumat berilipdir. " 4
Taryhda Hazar deňziniň hukuk bölünşigi daşyndaky belli döwletleriň arasynda henizlere çenli çözülmändir. ...
Şeýle meseleleriň gidişinde Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňziniň aralyk liniýesini kesgitlemäniň ugrunda 1998-nji ýylyň 5-nji Fewralynda Aşgabatda Hazar deňziniň aralyk liniýesiniň koordinatalaryny hem-de, iki goňşy döwletleriň ýurisdikasiýasynyň (Hukuk goraýyjy kanunlary) çäklerini kesgitlemek boýunça Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ygtyýarly delegasiýalarynyň gepleşikleriniň birinji tapgyry boldy. Hazar deňziniň hukuk statusynyň problemasy
gepleşikleriň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Hazar ýaka döwletleriniň bäşisi dürli derejede işeňňirlik görkezip, şu ýagdaýy kesgitlemek işlerini alyp barýar.
Hazar deňziniň aralyk liniýesini kesgitlemek problemasy bir wagtdan bäri Azeri: Çyrag we Serdar diýen deňiz ýakalarynyň ýerleşýän jedelli Serdar (KÝPAS) ýatagy özleşdirmegi gepleşdiler. Eýeçilik edýän subýektleriň (Rosnebit we Lukoýl) hereketleriniň ýalňyşdygy barada Rossiýanyň Daşary Işler Ministrliginiň boýun almasyny alyp, şeýle-de bolsa, Aşgabat - Azerbaýjan Daşary Işler Ministrliginden we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Nebit Kompaniýasyndan şunuň ýaly seslenmäni eşitmedi.
Şu meselede ýüze çykan nämälimleri aradan aýyrmagyň ýollary Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň geçen ýylyň Dekabrynda Yslam Konferensiýasy Guramasynyň Tähtranda geçirilen duşuşygy mahalynda iki taraplaýyn duşuşygynyň temasyna öwrüldi. Aralyk liniýesini kesgitmlemek boýunça iki taraplaýyn komissiýany döretmek hakynda şol wagt gazanylan ylalaşyk, uzaga çeken problemany özara kabul ederlikli şertlerde çözmegi gözlemekde döwletleriň biri-birine geleşik etmekde ilkinji ädim boldy. 1998-nji ýylyň Ýanwarynda döwletleriň baştutanlarynyň permanlary bilen doly ygtyýarly ekspert toparlary döredildi we gepleşikler prossesine ýolbaşçylyk etmek Daşary Işler Ministrlerine tabşyryldy.
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzi uçastogynda aralyk liniýäni kesgitlemegiň bir bütewi usullaryny we prinsiplerini bilelikde işläp taýarlamak karar edildi. -diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň delegasiýasynyň baştutany Daşary Işler Ministri Gasan Gasanow Türkmenistanyň prezidenti bilen bolan duşuşykdan soň Türkmen press-iň habarçysyna aýtdy. Şeýlelikde Hazar deňzini bölmek nähili bolar? – diýen sowal indi ýok. Munuň özi milli sektorlardyr ýa-da türkmençe-rusça düşündireniňde we döwletleriň “ýurisdikasiýasynyň zeolagydyr (Hukuk goraýyjy çarçüweleri)”. Haçan Türkmenistan we Azerbaýjan aralyk liniýäni kesgitlänlerinde we Hazarda öz sektorlaryny alanlarynda galan Hazarýaka döwletleri hem olaryň göreldesine eýerer. -diýip, Azerbaýjan Daşary Işler Ministrliginiň baştutany ynam bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, milli sektorlaryň döredilmegi Hazar deňziniň akwatoriýasynda her hili monopoliýalaryň mümkinçiligini aradan aýrar. Hazarýaka döwletleriniň özygtyýarlylygyna belli bir derejede täsir edip biljek haýsydyr bir harby taýdan bolmak salgymyndan mahrum eder.
Gepleşikleriň ilkinji tapgyrynyň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Onda taraplar aralyk liniýe boýunça Hazar deňzini Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda umumy kabul edilen ýörelgeler we olaryň Hazar deňizindäki ygtyýarly hukuklaryny amala aşyrmak esasynda halkara hukuklarynyň ölçeglerine laýyklykda göz öňünde tutmak bilen, bölmek barada ylalaşandyklaryny ykrar etdiler, Iki iş toparyny geologlaryň we geodezistleriň toparyny döretmek karar edildi, olar taraplaryň aralyk liniýesiniň koordinatalary babatda gepleşikler mahalynda aýdan nukdaý nazarlaryny tehniki taýdan esaslandyrmaga girişer." 5
Bu meseläniň ikinji tapgyry 1998-nji ýylyň Awgust aýynda Azerbaýjanyň hökümet delegasiýasynyň Aşgabada gelip gepleşik geçirmekleri bilen başlandy. Bu delegatsiýa Premýer Ministriň birinji orunbasary Apbas Apbasow we Daşary Işler Ministri Towfik Zülfigarow baştutanlyk etdi.
Bu mesele jedelli territoriýalar bilen baglanşykly ýüze çykdy, şol territoriýalarda bolsa, Azeri Çyrag we Serdar nebit ýataklary ýerleşýär.
Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Towfik Zulfigarow öz gepleşiklerinde şeýle nygtady: “... Aralyk liniýäni kesgitlemekde Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ýörelgeleri birmeňzeşdir”.
Türkmen-Azerbaýjan gepleşiklerinde Hazaryň ençeme umumy meseleleri-deňziň düýbüni we akwatoriýasyny peýdalanmak, gämi gatnawyny ösdürmek, biologik serişdeler we Ekologiki ýagdaýlary baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy." 6
Hazar deňziniň suwlaryny ortak peýdalanmak we deňziň astyndaky baýlyklaryny bährelenmegiň ugrunda (amerikalylar we günbatarlylaryň goşulmasyzlygyndaky şertde) Hazaryň kenarýakalaryndaky respublikalara deň paýlaşyk ýöredilse hem-de bilelikdäki “Günorta-Demirgazyk Koridor proýektini”, ýerine ýetirilse Russiýa Federasiýasy bilen Eýran Yslam Respublykasy “Koridor”proýekti Moskwanyň tarapyndan Kalmyk Respublikasynyň üstünden Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösdüriş bölüminiň arka durmagy hem-de halkara “Nostrak” konseresiýomyň kömegi bilen alnyp barylar. Bu işiň jogapkärçiligini Orsýet tarapyndan “Yrans Kontinental” kompaniýasyna tabşyryldy. Bu meýilnamanyň plan-proýektini bermek Eýran we Orsýet üçin geopolitik gymmatlyklary bardyr.
Hazar deňziniň “Koridor” meýilnamasyny ýöriteleşdirmek üçin halkara uly kompaniýalaryň 12 sanysy ýagny Russiýa, Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa we beýleki birnäçe ýurtlaryň kompaniýalary goşulyşýarlar. Bu meýilnama boýunça harytlaryň transporty Ýewropa tarapyndan demir ýol nokatlarynyň üsti bilen Orsýetiň günbatar serhetlerinde we deňiz portlaryndan Sankt-Peterburga (Germaniýanyň) Mokral şäherlerinden Türkmenistana we Sarahsdan Eýrana ýa-da deňiz ýoly bilen Orsýetiň (Kalmyk) Lagan portyndan Hazar deňziň üzti bilen Eýranyň Demirgazyk port şäherileriniň birine we ondan hem demir ýol arkaly Bender Apbas (pars aýlaga), ondan hem Saud Arabystanyň Bender Daman portyna, Ammanyň säher portyna, Hindistanyň Agha, Päkistanyň Kraçy port şäherlerine çenli alnyp barylar. 7
Aýdylan maglumatlardan mälim bolşy ýaly “Günorta-Demirgazyk Koridor” ýoly hem Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçmegi bilen öz gezeginde ýurdyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmakda möhüm rol alyp barar diýip garaşylýar.
Hazar deňzinden nebit–gaz çykarylmak we ondaky alnyp barylýan meýilnamalar hakynda dünýä boýunça dürli konferensiýalar, ylmy žurnallar we gazýetlerde onuň deňiz gyrasyndaky ýaşaýan ýaşaýjylaryň howpsuzlygy we ekologiýany arassa saklamak hakynda hem, hemme taraplaýyn maglumat berlip dur. Olaryň arasynda:
- “Kaspiskoýe Morýe, woprosy Geologii i Geomorfologii, Moskwa, Nauka, 1990, 152p.,
-Kaspiýskoýe Morýe, Geologiýa neftegazonsnost, Moskwa Nauka, 1978, 296 p., - Gidrometeorologiýa i Gidrohimiýa Moreý,
- Kaspiýskoýe Morýe, Tom VI, S. Peterburg, wipus. I. – Gidrometeoizdat, 1992, 360 p.,
-Fäsilnameýe derýaýe Häzär, 1378 h.ş. Jäld-e sewwom, (Farsi), ... ýaly ylmy-tehniki işlerde rus, iňlis, fars we beýleki dillerde maglumatlar göýberilýär”.
Hazar deňziniň astyndan geçiriljek nebit-gaz geçiriji turbanyň geljekde oňa Hazar deňziniň umumy ýer üýtgemeleri ýa-da kä halatlarda emele gelýän güýçli gaý we deňiz tolkunlarynyň oňa ýetirjek zyýanlary barada gürrüň gidýär."8
Sebit boýunça Hazar meselesini çözmeklik esasy ähmiýete eýe bolýar. Şol ugurda Türkmen-Eýran gatnaşyklarynda meseläniň çözgüdini ylalaşykly alnyp barylýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Hazarýaka we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça saparyny tamamlan Daşary Işler Ministri Kemal Harrazy 1998-nji ýylyň 13-nji Awgustyndan bir günlük sapar bilen Aşgabatda boldy. Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşykda Saparmyrat Niýazow Iýul aýyndaTährana resmi saparynyň başynda sebit we Hazar babatda özara arkalaşygyň işlenip taýarlanylan ýörelgelerine goňşy döwletleriň üýtgewsiz tarapdardygy ýene bir gezek tassyklanyldy.
Hazaryň hukuk statusyny işlemegiň meselesi boýunça giňişleýin pikir alyşylandan soň, Aşgabat duşuşygynda ikitaraplaýyn işçi toparyny döretmek barada karar kabul edildi. Ol bilelikde hereket etmegiň maksatnamasyny 1-nji Sentýabra çenli iki ýurduň prezidentlerine bermelidir, şol maksatnamalar bolsa, deňizde işeňňir hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýan döwletleriň ikisiniň Hazaryň esasy meselesini çözmegine ýardam eder.
Köp ugurly ykdysady hyzmatdaşlygyň örän uly netijelerini tassyklap, Saparmyrat Niýazow we Kemal Harrazy nebit-gaz pudagynyň taslamalarynda Türkmen-Eýran özara arkalaşygynyň zerurdygyny tassykladylar. Hyzmatdaşlygyň bu ileri tutulýan ugrunyň giň mümkinçiligine seljermek hem ikitaraplaýyn iş toparyna tabşyryldy." 9
1999-njy ýylda Bakudan Jeýhana çenli çekiljek nebit geçiriji turbanyň şertnamasy we Türkmenistan - Ýewropa tarap geçiriljek gaz turbasynyň beýannamasy, Ýewropa hyzmatdaşlyk we Howpsuzlyk guramasynyň oturşyklary açylyp Süleýman Demirel (Türkiýäniň prezidenti), Haýdar Alyýew (Azerbaýjanyň prezidenti), Eduard Şwardnadze (Gürjüstanyň prezidenti) we Bill Klinton (Amerikanyň prezidenti) tarapyndan gol çekildi.
Bu şertnama esasynda goşulan ýurtlar 2004-nji ýyla çenli meýilnamanyň gutarnykly ýerine ýetirilmegini borç edindiler.
Bu meýilnamadaky göz öňüne tutulan turbanyň geçiriş gurby ýylda 50 million tonna barabardyr.
10 maddadan ybarat bolan Türkmenistanyň gaz geçiriji turbasynyň beýannamasy Ýewropa Hyzmatdaşlyk we Howpsuzlyk Konferensiýa Guramasynyň ýygnaklarynda Türkiýe, Türkmenistan, Azerbaýjan we Gürjüstan Respublikalarynyň prezidentleri tarapyndan gol çekilip Bill Klinton we Norwegiýanyň Premýer Ministri tapgyrlaýyn bu ýygnaklara gatnaşyp gözegçiler hökmünde bu beýaniýa gol çekdiler." 10
Hazarýaka döwletleriň Garaşsyz Türkmenistanda geçiren ýygnaklarynda aktiw gatnaşan gazýetleriň biri hem Garaşsyz Türkmenistanyň gündelik baş neşriýaty “Türkmenistan” gazýetidir.
Bu ýygnanşyga Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýit Muhammet Hatemi, Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Alyýew Gaýdar Alyýewiç hem-de Gazagystan Respublikasynyň prezidenti Nazarbaýew Nursoltan Abişewiç dagylar geldiler. Şeýle hem bu maslahatyň alyp barýan işini dünýä ýaýmak üçin 170-den gowurak žurnalistler Türkmenistana geldi.
Bu ýygnanyşyk Hazarýaka boýundaky döwletleriň Hazarýaka meselesindäki ýüze çykan käbir meseleleriniň çözgüdini tapmak üçin garaşsyz Türkmenistanyň döwlet baştutany Saparmyrat Niýazowyň täzeçe ýola goýan pikirlerinden ybaratdy.
“Ýygnanşyk döwürde gazýet-jurnallaryň makalalary, Aşgabat Maslahatyndaky, Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek meselesine bagyşlanyldy, şonuň üçin hem bäş prezidentiň ylalaşyga gelmegi onuň netijelidigine bagly bolup durýar. Bu meselede Türkmenistanyň tutýan esasy ugury Hazaryň ähli möhüm meseleleriniň her bir döwletiň pikirini hasaba almak bilen, bäştaraplaýyn esasda çözülmelidigine berk ynanýandygyndan ybaratdyr”11 .
Eýran-Türkmen ykdysady gatnaşyklary
Hazarýaka meselesinde beýleki bir möhüm ýagdaý Hazaryň jedelli ýerleri bilen baglanşykly meseleleri çözmekden ybaratdyr. Dogrusyny aýtsak, Hazar deňzinden döwlet serhedi diýer ýaly serhet hiç wagt hem bolmandyr. Ol häzir hem ýok. Şonuň üçin hem deňziň hukuk derejesi kesgitlenýänçä onuň jedelli ýerleri, kimdir birine degişli edilip bilinmez, ol ýerleriň birtaraplaýyn işläp taýarlanmagyna, barlaglaryň geçirilmegine we peýdalanylmagyna ýol bermek bolmaz. Eger olaryň kime degişlidigi ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasynda kesgitlenip bilinmedik halatynda şunuň ýaly ýagdaýlar dörän halatynda Türkmenistan bu meselä dünýä tejribesinde edilişi ýaly Halkara suduna, beýleki halkara ýöriteleşdirilen edaralara geçirilip bilner, diýip hasap edýär. Meselä şunuň ýaly çemeleşilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň düzgünnamasynda-da göz öňünde tutulan umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna döwletiň özygtyýarlylygyny we milli mertebesini saklamak düzgünlerine esaslanýar. 12
Ýokardaky ýatlanan Hazarýaka meselesi boýunça ýygnanşan prezidentleriň biri hem Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýit Muhammet Hatemynyň 2002-nji ýylyň 22-nji Aprel aýy Garaşsyz Türkmenistana sapary başlandy.
Türkmenistan özüniň günortasyndaky goňşusy bilen hemme taraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde garaýar. Goňşy döwletiň baştutany Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Niýazowyň Aşgabada resmi sapary bilen gelmeklik baradaky çakylygyna minnetdarlyk bilen kabul etdiler.
“Türkmenistan” gazýetiniň 2002-nji ýyl 22-nji Aprel aýyndaky sanynyň birinji sahypasynda Türkmenistan we Eýran iki taraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. Şeýle hem Seýit Muhammet Hateminiň durmuş terjimehaly barada ýeterlik maglumat berlipdir.
Saragt Howdany
Häzir Türkmenistan bilen Eýranyň döwletara we hökümetara edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynda resminamalaryň 170-den gowuragy hereket edýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyldan gowurak wagtynyň dowamynda döredilen halkara hukuk esaslary Eýran bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň köp sanly ugurlaryny üpjün edýär. Şu döwrüň dowamynda türkmen-Eýran gatnaşyklary ýurdyň talabyna laýyklykda Türkmenistanyň prezidentiniň ýöredýän hoşniýetli goňşyuçylyk syýasatyna, dimek, özara hormat goýmak we özara bähbitleri göz öňünde tutmak ýörelgelerine laýyklykda ösdirilýär. Iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň gözýetimleri onuň ösüşiniň giňligini açyp görkezýär: Bu hyzmatdaşlyk serhetden erkin geçiş nokatlarynyň we söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyndan başlap, Tejen-Maşat Türkmen-Eýran Demir ýol ulgamynyň we 200 kilometrlik Körpeje-Kürtkuý (Gurtguý) gaz geçirijisiniň gurulmagyny öz içine aldy.Alnyp barylan we alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda ýol gurluşygy ulag hyzmatyny ösdürmek, suw hojalygynyň taslamalary, serhetýaka bendini we “Dostluk” suw howdanyny gurmak meselesi bar.
Şeýle hem ýatlanan gazýetiň 2-nji sahypasynda “Aşgabat ylalaşyk şäheridir” atly makalada ýygnanşyga degişli pikirler orta atylýar. Gazýetiň 3-nji sahypasynda Hazar deňzine hem ýurduň dürli derýalaryna degişli “Howandary Bahry-Hazar” atly makalada Hazar deňzine çenli degişli meseleler giňden seljerilýär.
Iki ýurduň dostluk nusgasy hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet Merkezi tarapyndan neşir bolýan “Dostluk” atly gazýet hem Seýit Muhammet Hateminiň Türkmenistan saparyna degişli ýörite neşir sany göýberilipdir. Gazýetiň baş sahypasynda “Goý Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky dostluk-doganlyk mundan beýläk hem pugtalansyn!” -diýlen şygar bilen iki ýurdyň prezidentleriniň garşy alyş duşuşykdaky gimniniň, uly suratyny göýberilipdir.
Gazýetiň 2-nji sahypasynda Seýit Muhammet Hateminiň terjimehaly barada onuň doglan ýeri, ylmy we ruhany derejesi meşgul bolan kärleri, pikirleri we garaýyşlary, syýasy we döwlet dolandyryş iş tejribesi hem döredijiligi hakda maglumat berilýär. Şol sahypanyň ikinji bölüminde iki ýurduň prezidentleriniň Eýran-Türkmenistan gatnaşyklaryna garaýyşlary, syýasy we döwlet dolandyryş iş tejribesi hem döredijiligi hakda maglumat berilýär. Şol sahypanyň ikinji bölüminde iki ýurduň prezidentleriniň Eýran-Türkmenistan gatnaşyklaryna garaýyşlary hakda makala göýberilipdir. Şol makalada şeýle setirlere gabat gelýäris: “Eýranyň häzirki prezidenti jenap Hatemi Türkmenistana birinji saparynyň başyndaky interwiýusynda (gepleşiginde) Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan döwründen şu güne çenli biz bilen Örän gowy hem dostlukly gatnaşyklary saklap gelýär, dürli ugurlarda iki ýurduň göwünelaýyk hyzmatdaşlyklary bar, bu ýurt biziň goňşymyz, EKS-niň we Yslam Konferensiýasy Guramasynyň agzasy we biziň gowy gatnaşyklarymyz iki ýurda-da bähbitlidir”13.
Gazýetiň 3-nji sahypasynda bolsa, “Eýran-Türkmen özara gatnaşyklarynyň möhüm wakalary” atly makala, bu gatnaşyklaryň 1992-nji ýyldan, 2002-nji ýyla çenli wakalaryň gysgaça hronologik habarlaryny berýär.
Gazýetiň 4-nji sahypasynda jenap Hateminiň Eýranyň syýasy ýurt dolanşygynda “Medeniýetleriň gepleşigi” atly meýilnamasyny açyklaýar. Onda “Medeniýetleriň gepleşiginiň” ruhy gözýetimi we zerurlygy hakda şeýle setirlere gabat gelýäris; “ - … Gadymy edebiýat, dini ýazgylar, pilosopylaryň (filosoflaryň), akyldarlaryň; jemgyýeti öwrenijileriň dünýä barada döreden edebiýaty adamzada has amatlyrak tebigy hem jemgyýetçilik şertlerini hödürläp biler we bu düşünjäniň çylşyrymlydygyny nazara alyp meseläniň has giň düşünmegine ýardam berer. Dürli ruhy gözýetimlerde esasy sorag hasaplanan ýagdaýlaryň biri ynsanlar üçin gepleşigiň asyl nusga bolup durýandygy we adamzat jemgyýetleriniň hem gözýetimleriniň oňa esaslanmagy baradaky meseledir. Bu ýagdaýa iki hili jogap berilýär: Birinjiden, ynsanlaryň birmeňzeş ýaradylandygy üçin, şeýle hem ynsanyň öz kowumdaşlarynyň arasynda döreýän garşylyklar sebäpli, ol özi ýalylar bilen aragatnaşyk etmäge ymtylyp, gepleşik geçirmegiň ýollaryny gözleýär. Ikinjiden, ynsan ýaşaýşy dowam etdirmegiň hatyrasyna beýlekiler bilen aragatnaşyk etmäge mejbur bolýar.
Makalanyň dowamynda ýene-de “Medeniýetleriň gepleşiginiň” taryhy we esaslary we “Medeniýetleriň gepleşiginiň” ýagdaýy ýaly mowzuklar bilen tamamlanýar. Şol sahypanyň ikinji bölüminde EYR-synyň Ilçisi Seýit Ibrahim Darazgisu bilen gepleşik geçirilipdir.
Geçen sahypada belläp geçişimiz ýaly “Türkmenistan” gazýetiniň 100 we 101-nji sanlary hem Hazarýaka döwletleriň Aşgabatdaky maslahaty hem-de Türkmen-Eýran gatnaşyklara bagyşlanyp bu babatlarda dürli pikirler we garaýyşlar berlipdir.

Gazýetiň birinji sahypasynda EYR-synyň prezidenti Seýit Muhammet Hateminiň Türkmenistana resmi sapary bilen, Türkmen-Eýran gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri we geljegi hakda söhbet edilýär. Iki ýurduň prezidentleri ikiçäk söhbetdeşlik etdiler. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň baştutanlary ikitaraplaýyn we sebit boýunça hyzmatdaşlygyň jähtlerine degip geçýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar."14
“Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Niýazowyň we Seýit Muhammet Hateminiň belleýişleri ýaly, giň möçberli Türkmen-Eýran hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmekde möhüm orny eýeläp geldi we eýeleýär”.-diýip nygtaldy." 15
Hazar deňziniň kosmosdan düşürilen suraty

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Saparmyrat Niýazowyň Hazarýaka ýurtlarynyň baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyna we tagallalaryna ýokary baha berdi, bu duşyşyk Hazar meselesiniň täsin deňziň örän uly baýlyklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň çözgüdini çaltlandyrmalydyr! -Diýip nygtaldy." 16

ECO döwletleriniň jemhur başlyklarynyň duşyşygy

Şeýle hem “Türkmenistan” gazýetiniň 101-nji sanynda “Hazarýaka geljegi parahatçylyga, hyzmatdaşlyga hem-de ylalaşyga baglydyr.”-diýlen baş setirler bilen başlanyp Hazar ýaka döwletleriniň Aşgabat maslahaty “taryhy” wakadygy hakyndaky habar berilýär.Şonuň bilen birlikde “Türkmen-Eýran hyzmatdaşlygy täze derejä çykdy!” - diýlen, netijeli duşuşygy beýan edilýär.
EYR-synyň prezidenti öz resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň baştutany bilen hyzmatdaşlyk barada uly möçberli ylalaşyklara gol çekilmegi bilen tamamlanan gepleşikleri geçirdi.
Hazar ýaka döwletleriň ýygnagynyň birinji açylyş dabarasynda “Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow öz çykyşyna başlamak bilen; “ -Biz hakykatdan hem şeýle bir taryhy wakalaryň şaýatlary bolýarys!” – diýip aýtdy. Biz öz halkymyzyň öňündäki çuňňur jogapkärçilik duýgusy bilen Hazar meselesini ara alyp maslahatlaşmaga başlaýarys!”17 ; -diýip, Saparmyrat Nyýazow sözüniň ahyrynda Hazar deňziniň töwereginde dörän ýagdaýy öz abraýy, tejribesi bilen, syýasy erk-islegden ugur almak bilen düýpli üýtgetmek üçin Aşgabada gelen Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň hem-de Russiýanyň prezidemtlerine minnetdarlyk bildirdi." 18
Türkmen döwletiniň baştutany anyklanylmadyk ýataklaryň gaýtadan işlenilmegine we bikanun balyk awlanylmagyna, deňziň hem-de kenarýaka ýerleriň birnäçesiniň ekologiýa taýdan ýaramazlygyna degip geçmek bilen, meseleleriň dawaly ýerlerini takyk aýdyňlaşdyrdy. Entäk umumy resminamanyň ýoklugy sebäpli, bize wagtlaýyn, mysal üçin, nebit çykarmak babatda ikitaraplaýyn ylalaşyklar ýol bererliklidir. Esasy zat öz hereketleriňi, etjek bolýan işleriňi gizlemän, olary aç-açan ýagdaýda ylalaşmalydyr hem-de, delillendirmelidir. Biziň hemmämiz taryhy gowy bilýäris, gapma-garşylyklaryň urşa getirýändiklerini, soňuny düzedip bolmajak durmuş, ykdysady weýrançylyga eltýändigini hem gowy bilýäris.” -diýip, Türkmenistanyň prezidenti sözüni dowam etdirdi. Biziň öz halkymyzyň, öz nesillerimiziň öňündäki borjumyz şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Başgaça aýtsak, el-ele berip işletmek, geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek gerek. Türkmenistanyň baştutany şu maksat bilen Hazar ýaka ýurtlarynyň prezidentleriniň geňeşini döretmegi teklip etdi.
Kaspy deňziniň has gadymy ylmy kartasy. Bu suratda Kaspy deňziniň boýundaky regionlaryň hem ady berilipdir. Bu karta “Gäraýib-Ilfonun wä malihi-Iliun(غَرایِب اِلفُنون وَ مَلِح ِالعیون)” atly Missirli alym 800 ýyl mundanb öň ýazylan kitap. Ol kitap häzir Britanýanyň Oksfort Universitetiniň kitaphanasynda saklanylýar.
Şonuň ýaly Geňeş islendik halkara guramasyndan peýdaly bolar diýip, Türkmenistanyň prezidenti nygtady." 19
Iki ýurduň hemme taraplaýyn gatnaşygynda dürli meýdanlarda iş alnyp baryldy. Eýranyň Gürgen şäherinde ýaşaýan ýokary bilimli täjirçilik hem ykdysadyýet hünärmeni Ahmed Sabahi syýahatnama görnüşde “Açylan Derwezeler” atly 24 sahypadan ybarat broşýura eseri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Kasym Nurbadowyň teswirlemegi bilen 2002-nji ýyl Aşgabat şäheriniň ylym neşirýaty tarapyndan göýberilipdir.Ahmed Sabahiniň kitapçasynda Garaşsyz Türkmenistanyň on ýyl içinde Saparmyrat Niýazowyň ýolbaşçylygynda dünýä derejesindäki ösüşlere tarap barýandygy hem Türkmen-Eýran gatnaşyklary barada gyzykly söhbet açylýar.
Bu kitapçanyň sözbaşysy Saparmyrat Niýazowyň sözleri bilen şeýle başlanýar:
“Ýer ýüzüniň iň gadymy halklaryndan bolan Türkmenistanyň we Eýranyň halklary häzirki wagtda öz yhlasyny we ylhamyny erjellik bilen durmuşa geçirýärler, olar öz döwletleriniň döwrüň derways wezipelerini abraý bilen çözmäge ukyply derejede kuwwatly we kämil bolmagy üçin zähmet çekýär. Biziň biri-birimize we ünji-aladalarymyzy bilen begendirýär.”
Eserde umuman iki ýurduň gatnaşyklarynyň başlanmagy we onuň günsaýyn ösmegi hakda gürrüň gidýär. Onda “Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly gadymy ýüpek ýoluny täzeçe we döwrebap dikeldilmesi bolup, ol diňe bir iki ýurduň arasyndaky mönüm gurluşyk bolman, eýsem XX asyryň ahyrynda dünýäniň uly ulag gurluşyk ýoly boldy.” –diýip belläpdir." 20.Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoluna halkara ulag geçelgesiniň “Altyn halkasy” diýlip ýöne ýerden at berilenok. Ol “Altyn halka” el ýetiren Türkmenistan ilkinji aýlarda bu ýoluň girdejisini görüp ugrady. Muny dünýäniň habar beriş serişdeleri gutlamak bilen jar edýärler. Meselem Türkiýäniň “Zaman” gazýetinde okan bir habarymyzda demir ýolundan bir aýda Türkmenistanyň dört ýüz müň dollarlyk girdeji alandygyna diýseň begenip, bu girdejileriň gitdigiçä artyp, onuň Türkmenistanyň ilatyna diňe eşret getirjekdigine guwandyk. 21
Belläp geçilen Hazar ýaka Aşgabat maslahatynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda uzak möhletleýin ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklar, taryhda ýene bir gezek gol çekilip ýola goýuldy. Iki taraplaryň resminamalaryň ýene-de ikisi; Gümrük kanunlaryny ulanmakda, Gümrük hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almakda, olary derňemekde we olara garşy göreşmekde edara ediş taýdan özara kömek bermek hakynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky ylalaşyk we Söwda hyzmatdaşlygy hakynda, hökümetara derejesinde tassyklanyldy. 22 - 24 . % Dowamy ... 
------------- Çykgytlar we Edebýat:

1 comment:

phdoctrate said...

1. Fäslname:, Ettela’at…, (görk iş)
2. Türk. Jemhuriỳetleri, habar bỳulten, Awgostos 1997-saỳi: 6, 31 sah.
3[76]. Greasy., (görk iş), 98 sah.
4. Türkmenistanyň täzelikleri, Türkmenpress ,№20 (215). Aşgabat- 19.05.1998ỳ. – 5 sah
5. Türkmenistanyň täzelikleri, Türkmen press, №1 (297). Aşgabat- 03.01.2000 ỳ. 8-9 sah.

6. Türkmenistanyň täzelikleri, Türkmen pres, №6 (201), Aşgabat 09.02.1998 ỳ., 5 sah.
7. Türkmenistanyň täzelikleri, Türkmen press, №35 (230), Aşgabat-31.08.1998 ỳ., 3-4 sah.
8. Džar, (görk. iş.) 6 sah
9. Fäslnameỳe Derỳaỳe Häzär, Lahijany H. Jeld-e Sevvom, Tehran-1378 h.ş ỳ, 38-41 sah.

10. Türkmenistanyň täzelikleri, Türkmen press, №33 (228). Aşgabat-17.08.1998 ỳ., 4 sah.
11. Il gün, şomareỳe 12, Alman-Köln, 1999ỳ., 34-35 sah.

12. Türkmeistan, №98 (23417), Aşgabat-2002 ỳ. 20-nji Aprel 1 sah.
13. Türkmenistan №98 (23417), Aşgabat 2002 ỳ. 20 Aprel 1 sah.
14. “Dostluk” Eỳran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň Medeniỳet Merkezi, 2002-nji ỳ. 2 sah.
15. “Dostluk” (görk iş) sah. 4.
16. Türkmenistan, №100 (23419), Aşgabat-2002ỳ., 23 Aprel, sah 1
17. Şol ỳerde.
18[90]. Türkmenistan, №100 (23419), Aşgabat-2002ỳ., 23 Aprel, sah 1
19. Türkmenistan №101 (23420), Aşgabat, 2002ỳ., 24 Aprel , sah 1.

20. Şol ỳerde, sah 2.
21. Şol ỳerde.

22. Sabahy Ahmad, Açylan derwezeler, Aşgabat. Ylym, 2002ỳ., 16 sah.
23. Zaman, 17-24 Oktỳabr, 1996ỳ.
24. Türkmenistan, № 101 (23420), Aşgabat-24-nji Aprel -2 sah.