Wednesday, August 19, 2009

d). Türkmensährada has irki dini ỳadygärlik (Çopan ata hem hezret-e Halatnebi):

Halkymyzyň örän irki döwürleriniň medeniỳetini özünde jemläp, şu günki günlerimize çenli gelip ỳeten, Türkmensähranyñ ỳadygärlikleriniñ iki sanysy hakda ỳatlap geçmegi makul bilỳäris.
Yslam dininiñ dürli akymlarynda öwülỳälere, ymamlara hem hudaỳtagalanyñ dergähine ỳakyn duran aryp-ulymalara sygynmaklygy has ähmiỳetli alnyp gaỳdylypdyr. Beỳleki milletler bilen bir hatarda türkmenler hem geçmişiñ dürli jümmüşinde ỳagşyzadalaryñ hem öwülỳäleriñ ỳatan ỳerlerini zyỳarat edip, olaryñ üstüne günbezler dikeldipdirlr. Öz sygynan ỳagşyzadalaryny şeỳle hormatlamak bilen özlerine beỳik biribardan şepagat talap edip ruhyỳetlerine giñlik salypdyrlar.
Baryp IX asyrlardan başlap yslam dünỳäsiniñ dürli künjeklerinde hökümrowanlyk ỳöreden türkmen patyşalyklary hersi öz wagtly-wagtynda mawy asmana başyny dikip duran al-ỳaşyl günbezler hem minaralar ỳadygär galdyrypdyrlar. Şolaryñ biri hem Haled ibn el-Senan hezretleriniň ỳyl on-iki aỳlap sogaply günlerde ähli türkmenler hem beỳleki musulmanlaryñ zyỳarat mekany bolan ỳadygärligi bolup durỳar. Haled ibn el-Senan hezretleriniň ady halk arasynda “Halatnebi” diỳlip hem ỳörgünleşipdir.
Halatnebiniñ guburynyñ üstindäki ỳadygärligiñ Türkmensährada ỳerleşen mekany, Gülistan welaỳatynyñ iñ Gündogar oazisi Kümmetkowus şäheristanynyñ Gündogaryndaky Minudeşt şäheriniñ Gündogar-demirgazygynda ỳerleşỳär. Mowzaleỳiñ dikilen ỳeri bolsa 800 metr beỳiklikde bolan “Gökjedag” atly dagyñ has ỳokary çüñkünde bina edilipdir. Halatnebiniñ dörän mekany welaỳat bölünşikde Minudeşt şäheristanyna degişli etraplaryñ biri bolup durỳar. [1] .
Minudeşt şäheri demirgazyk tarapdan Garaşsyz Türkmenistanyñ Gündogar terretoriỳasynyñ Garrygala ỳakyn serhetlerine, Günorta tarapy Semnan welaỳatynyñ Şahrud şäherine, Gündogar serhedi Horasan welaỳatynyñ Bežnurd şäheri we Günbatar tarapy hem Kümmetkowus şäheristanyna çäklenỳär. Bu şäher özüne esli oba-abatçalary merkezleşdirỳän üç sany Kelala, Marawdepe hem Merkezi etrap ỳaly etraplar tabyn bölünşikde durỳar. Halatnebiniñ zyỳarat ỳadygärligi bolsa, Marawdepe etrabynyñ daglyk terretoriỳasynda ỳerleşỳär. Bu ỳadygärlik daglyklaryñ iñ çüñkünde bina edileni üçin, ol ỳerden terretoriỳanyñ daglyk manzary bu mukaddes mekanda gözel gözỳetim döredỳär.
Haled ibn-e Senan hezretleriniň gubury

Haled ibn el-Senan hezretleriniň ỳadygärligi depesindäki esasy bir gupba bilen beỳlekilerden tapawulanỳar. Onuň daş-töwerekleri zyỳaratçylary ỳerleşdirmek üçin niỳetlenen birnäçe otaklardan hem hüjrelerden ybarat bolỳar. Bu ỳadygärlikden birneme daşyrakda Halatnebiniñ Çopan gullugynda mürit bolup gezen “Çopanatanyñ” gubury, piriñ aỳagyrak pesinde jaỳlanyp. Munuñ ỳatan ỳeri hem zyỳarat mekana öwrülipdir.

Halatnebiniñ gubury
Umumy türkmenlerde gadymdan bäri däp bolup gelşi ỳaly bu iki mowzeleỳiñ daş-töwereginden başlanyp Gökjedagyñ beỳikliklerinde has irki döwürlerden bäri örän geñ öwülỳäçilikleriñ ỳerleşindikleri, ony gören syỳahançylary haỳran galdyrỳan. Munuñ has geñ tarapy bu öwülỳäçikler bilen gümmeziñ bu daglyklarynyñ iñ beỳikliklerindediginiñ sebäbini bilmek üçin bu ugurda ỳörite giñden ylmy derñew işlerini geçirmekligi talap edỳär. Beỳle işleri slyp barmagy iki dogan ỳürtEỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanyñ ylmy-medeni miraslary öwreniş merkezleriniñ medeni aragatnaşyklary esasynda hütdäsinde durỳar. Bu öwülỳäçiliklerdäki guburlaryñ başynda goỳulan, ỳüzüniñ ỳazgysy zamanyñ geçmegi bozulan adam şekili daşlar özboluşly ỳek-täk häsiỳete eỳe bolỳar.
* Halatnebi etraplary


Ýöne gynansakda bu daşlar has gadymydan bäri klimatyñ yssy-sowugynyñ beren täsirleriniñ astynda köỳneleşip owranmagy tarap bolỳar. Mazarçylygyñ guburlarynyñ başynda dikilen daşlar bir bütewi daşdan traşlanyp, iki hili görnüşde şekillenipdir. Bir görnüşi türkmen halkynyñ gadymdan bäri gözbaş alyp gaỳdan medeniỳetiniñ güỳç simwolỳasy, goçytñşahyny görkezỳär. Güỳç-kuwwatyñ şeỳle simwolik şekilleindirmesi bolsa, ỳagny “Goç şahy” diñe bir guburlaryñ daşlarynda däl-de, eỳsem türkmen haly-halyçylyklarynyñ, palas-keçeleriniñ hem beỳleki el tikinlerinde-de görünỳär. Bu daşlaryñ käbirleri ỳokary uzynlygyna tegelenip daşy saỳhallanyp traşlanan görnüşde “Towtem we folk kolleksiỳasyny” döredỳär. Olaryñ hersiniñ boỳy 2-3 metre çenli uzynlygy bar. [2] .

* Halatnebiniň zỳaratkäsi

Bu guburyñ daşlary hakynda il arasynda dürli rowaỳatlara duş gelse bolỳar. Käbirleri bu daşa öwrülen adam heỳkelleri allatagalanyñ gazabyna giriftar bolan Halatnebiniñ duşmanlary diỳip rowaỳat edỳärler. Ýene bir toparlar hudaỳtagalanyñ emri bilen olary duşmanlardan goramak üçin daşa öwrülipdir. Olar piriñ ỳakyn öwrülipdir. Olar piriñ ỳakyn aranlary bolupdyrlar, diỳlen düşünjelere hem gabat gelse bolỳar.
Doly rowaỳatlaryñ habar bermegine görä, “Halad ibn Senan aleỳhussalam allatagalanyñ il arasynda saỳlan resul pygammerleriniñ biri bolupdyr. Ol Horşit atly kowmyñ howpyndan öz ỳaranlary bilen “Gökjedagyñ ” çüñküne gaçyp atypdyr. Olary duşmanlardan goramak üçin hudaỳtagalanyñ emri bilen daşa öwrülüpdirler ”. diỳilen rowaỳat köpçüligiñ arasynda ykrar edilỳär.

“Naseh-ettawaryh (taryhlaryñ nusgalary)” atly kitapda Haled ibn Senan aleỳhussalam hakda şeỳle rowaỳat hem bar . “Haledebne Senan 6123 ỳyl adamata hezretlerinden soñ pygamberlige laỳyk bolupdyr. Şol wagtyñ özünde halky Ysa pygamberiñ şerigat dinine çagyrmak bilen pygamberlik derejesine ỳetipdir. Halebne Senan aleỳhussalamyñ nesepnama boỳunça arkasy hezret Ysmaỳyl Zabihullaga baryp ỳetỳär”. [3]
(Ysmaỳyl hezretlere “Zabihulla” lakamynyñ goỳulmagy allatagallanyñ gurbanlyk çalynmaga taỳyn bolan hezret diỳmegidir. Gurban baỳramynyñ ỳöredilmegi hem şoña degişli bolup, ol hakdaky rowaỳaty köpler bilỳändirler).
Halatnebiniñpygamberligi hem onuñ haỳsy kowumdan bolandygy barada taryhy dürli çeşmelerde tesfir ỳazgylara duş gelinỳär. Şolaryñ arasynda “Tefsir-e ruhylbeỳan”, “Tefsir-e ruhylmany”, “Tefsir-e alaeljelalin”, “Fazilatnameỳe Halatnebi”, “Tefsir-e eljelalin kelan” ... ỳaly eserleri ỳatlasa bolar.
“Ruhylbeỳan tefsiri” kitabynyñ 551-nji sahypasynyñ Kelebiniñ aỳtmagyna görä, hezret Ysa aleỳhussalam bilen hezret Muhammediñ pygamberliginiñ aralygynda 4 sany nebi (Hudaỳtagalanyñ berỳän ylhamy esasynda gaỳp wakalardan habarly adam) agitasiỳa ỳöredipdir. Şolardan üçüsi Beni Ysrail kowumyndan bolup birisi arap milleti bolupdyr. Ol hem şol Haledebne Senan aleỳhussalamdyr.
“Ruhylmaany tefsiri” kitabynyñ 6-njy bölüminiñ 104-nji sahypasynda şeỳle maglumat bar, “Pygamberleriñ taryhy boỳunça Haledebne Senan aleỳhussalamyñ pygamber bolandygy hakda takyk subut bolup, şerigat boỳunça şeỳle rowaỳat edilipdir. (Öwülỳäler hakda eser ỳazan belli musulman taryhçy) Ibne Şahap, Haledebne Senanyñ pygamberleriñ hataryndadygyny subut edipdir.” [4] .

“Sawy ala eljelalyñ tefsiri” kitabynyñ “mayde” (saçak ỳa-da desterhan) süresiniñ birinji bölüminiñ 275-nji sahypasynda ỳene-de “Tefsir-eljelalin kelan” eseriñ 97-nji sahypasynyñ gyrasyndaky mayde süresiniñ düşündirişinde şeỳle ỳazylỳar: “Ysa pygamberiñ zamany bilen Muhammet pygamberiñ dörän döwri arasynda 4 nebi bolup olardan üçüsi Beni Ysraỳyl we dördünjisi hezret Haladebne Senan aleỳhussalam arap taỳpasynyñ Ysa tiresinden bolupdyr. Muhammet pygamber aleỳhussalam ol hakda şeỳle diỳipdir:Nebi zogäho kowme ỳagny azgyn bolan kowumyñ arasyndan çykan pygamber”. [5] .
Daşdan görünỳän gubur çopan atanyň gubury

“Ruhylbeỳan tefsiri” eseriniñ üçünji bölüminiñ 241-nji sahypasynda “ỳasyn” süresi hakda onuñ mekan tutan ỳeri bilen ỳagny kämil görnüşde gö®kezilỳär. “Arabyñ Beni Ysrail taỳpasyndan bolan Haledebne Senan aleỳhussalam, allatagalanyñ tarapyndan öz kowumyny dogry ỳola salmak üçin iberilen bendesidir. Ol hezret Ysa aleỳhussalam bilen Muhammet pygamber sallallaho wäsälämäniñ pygamberligi zamanasynyñ aralygynda dörändir. Olaryñ guburlary Jürjän ỳurdynda (Jürjän zemini) bir dagyñ çüñkünde (gullasynda) ỳerleşipdir”. [6]

Kümmekowus şäherinden bolan Türkmensähranyñ ulymalarynyñ biri merhum Hajy Abdyljelil ahun Japarbaỳ “Faziletnameỳe Halatnebi” atly türkmen dilinde çykaran golỳazmasynda şeỳle ỳazylỳar: “Nesilme-nesil zyNesilme-nesil zyarat edip sygynyp gelinỳän musulman türkmen halkynyñ gupbaly öwülỳäsiniñ gözbaşy, Haladebne Senan aleỳhussalam, taryhy eserler hem tefsir çeşmeleriniñ esasan hem Ibne Şahabyñ azgylarynyñ şaỳatlyk etmegine görä, allatagalanyñ iberen pygamberleriniñ biridir. Musulman türkmen halkynyñ ynamlary boỳunça, hezret Halatnebini Jürjän ỳurdynyñ Gündogaryndaky daglyklaryñ iñ beỳik nokadynda (gadymy Gürgen we häzirki Kümmetkowus) jaỳlanypdyr. Bu hakda türkmen klassik şahyrlarymyz hem ỳatlap geçipdirler”.[7]
Türkmen klassik şahyry Mesgingylyç öz eserleriniñ birinde “belendinde Halatnebi ỳatandyr”. [8]
Ýagny Gökjedagyñ belentliklerini göz öñüne getirmek üçin goşan bendini hem ỳatlap geçỳär.
Ýeri gelende ỳatlap geçmegi makul bilỳärin, Eỳranda Halatnebiniñ esasy zyỳaratçylary Türkmensähranyñ türkmenleri bolup durỳar. Bu hakda giñden ylmy iş alyp örän jaỳdyr bolup durỳar. Ýöne gynansakda öñki şa režiminde ähli Eỳran boyunça esasan hem türkmenleriñ dini medeniỳetlerini äsgermezlik edileni üçin ol ỳerde bir dürli gurulşyk alynyp gidilmedi. Bu häzirki jaỳỳñ gurluşygynyñ esli bölegini hem Eỳran Yslam Respublikasy döredilenden bäri gözegçilik edilỳär. Eger biziñ Türkmenistan Garaşsyz ỳurdumyzdan ildeşlerimiz ol ỳere zyỳarat etmäge barmakçyl bolsalar, tomus aỳlar suw mümkinçilikleri ỳatdan çykarmasynlar! Umuman bu iki zyỳara mekanyñ mümkinçilikleri hakda aỳdanymyzda zyỳaratçylar üçin ỳaşamaga ỳeterlik hüjreler hem otaglar gurulypdyr. Bu mukaddes zyỳarat mekana onuñ daglykdygyna garamazdan Marawdepäniñ üsti bilen oña ỳetmek gyn zat däldir.
“Halatnebiniñ dini-taryhy kolleksiasynda Gökje dagyñ dag eteginde, “Hyzyrdendan” atly bir serwiagaç bagy otyr. Aỳdyşlaryna görä, ol bag 2400 ỳyl ỳaşapdyr.” 77 ... Dowamy
Post a Comment